Biziň ýurdumyzda önümçilik serişdelerine we önümçiligiň netijesine eýelik etmegiň görnüşleriniň köpdürliligi ykrar edilýär.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda eýeçilik aşakdaky görnüşlere bölünýär:
- hususy eýeçilik;
- döwlet eýeçiligi;
- jemgyýetçilik birleşikleriniň (guramalarynyň) eýeçiligi;
- kooperatiw birleşikleriniň eýeçiligi;
- bilelikdäki kärhanalaryň eýeçiligi;
- beýleki döwletleriň, olaryň ýuridiki taraplarynyň we graždanlarynyň eýeçiligi;
- halkara guramalarynyň eýeçiligi;
- gatyşyk (birleşen) eýeçilik.
Hususy eýeçilik – önümçilik serişdelerine we önümçiligiň netijesine aýry-aýry adamlaryň eýelik etmegine aýdylýar. Hususy eýeçilik görnüşleri boýunça raýatlaryň, hukuk taraplaryň hususy eýeçiligine hem-de raýatlar bilen hukuk taraplaryň eýeçilik obýektleriniň birleşdirilmegi esasynda döredilýän gatyşyk hususy eýeçilige bölünýär.
Hususy eýeçilik inisiatiwalylygy, işe jogapkärli garamagy, iş başarjaňlygy höweslendirýär. Şonuň üçin hem hususy eýeçiligiň ösdürilmeginiň jemgyýet üçin uly ähmiýeti bardyr.
Hususy eýeçiligi ösdürmek döwletiň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir, dünýäniň ösen döwletleriniň hemmesinde ykdysadyýetiň esasy agramy hususy eýeçiligiň gerdenine düşýär. Hususy eýeçiligi ösdürmek bazar ykdysadyýetine geçmegiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär.
Hususy eýeçilik bolmasa bazar mümkin däl. Ýerasty baýlyklar, suw resurslary we beýleki tebigy obýektler, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy we medeni mirasyna degişli obýektler döwletiň aýratyn eýeçiligi hasaplanýar.
Döwlet eýeçiligiň düzümine ýerli öz-özüni dolandyryş edalarynyň eýeçiligi hem girýär.
Türkmenistanda hereket edýän eýeçiligiň ýene-de bir görnüşi kooperatiw birleşikleriniň eýeçiligidir. Kooperatiw eýeçiligiň emlägi onuň agzalarynyň berýän pul we beýleki emläk wznoslarynyň, önümçilik, söwda, taýýarlaýyş işini etmekden, gymmat bahaly kagyzlary satmakdan hem-de kooperatiwiň ustawynda göz önünde tutlan başga işleri ýerine ýetirmekden alnan girdejileriň hasabyna döredilýär.
Biziň ýurdumyzda bilelikdäki kärhanalaryň, beýleki döwletleriň, olaryň hukuk taraplarynyň we raýatlarynyň eýeçiligi hem bardyr. Ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin beýleki döwletler bilen, olaryň raýatlary we hukuk taraplary bilen bilelikde kärhanalar guramagyň uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistanda daşary ýurtlarynyň firmalaryň gatnaşmagynda gurlan we gurulýan kärhanalaryň sany barha artyp barýar.
Ýurdumyzda bar bolan eýeçiligiň ýene-de biri gatyşyk (birleşen) eýeçilikdir. Gatyşyk eýeçilikdäki kärhanalar hususy we döwlet eýeçiligiňe degişli obýektleriň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň, beýleki döwletleriň, olaryň hukuk we fiziki taraplarynyň eýeçiligiňe degişli obýektleriň birleşdirilmegi esasynda döreýär.
.
Süleýman DURDYMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyby.
Teswirler