Ýagyş damjasynyň tizligi näçe?

Ýer ýüzünde geografik şertlere we pasyla baglylykda ygalyň dürli görnüşleri ýagýar. Howanyň has sowuk bolan ýerlerinde gar, buz, ýa-da jöwenek ýagýan bolsa, howanyň yssy ýerlerinde we beýleki pasyllarda ýagyş ýagýar. Ygalyň gaty seýrek ýagýan çöllerinde bolsa ýylyň belli paslynda diňe çyg düşýär. Ygalyň bir görnüşi bolan ýagyş diňe bir dag eteklerindäki ýa-­da sähralardaky otlaryň bitmegine we ösmegine şert döretmän, batly towlanyp akýan derýalary, giň howdanlary hem suwdan doldurýar. Suw bolsa janly­-jandarlaryň ählisi üçin ýaşaýyş çeşmesi bolup durýar.

Ýagyş damjalarynyň ululygy 0,5 millimetrden 6­7 millimetre çenli aralykda bolup bilýär. Ýagyş damjalarynyň ýokarsy ýiti, aşagy tegelek görnüşinde suratlandyrylýan hem bolsa, aslynda hakyky ýagyş damjasynyň şekili togalak bolýar. Ýagyş damjalarynyň tizligi sagatda 8­30 kilometr aralygynda üýtgeýär. Şeýle­de bolsa, has iri ýagyş damjalarynyň tizligi sekuntda 10 metre çenli ýetip bilýär. Bu bolsa, sagatda 36 kilometr tizlik diýmegi aňladýar. Şeýle tizlik bilen 4 müň metr belentlikdäki bulutdan gaýdan damja ýedi minutda ýere gelip ýetýär. Has uly damjalaryň aşaky şekili hem maýda damjalardan biraz tapawutly bolýar. Muňa bolsa uly damjalara howanyň has köp garşylyk görkezmegi esasy sebäp bolýar. Ýagny, iri damjalar beýlekilerden tapawutlylykda biraz ýasy görnüşinde bolýandyr.

Şageldi ANNAMUHAMMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok