Nebit-gaz pudagy uly ösüşde

Ýurdumyzyň nebit-gaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna uly goşant goşýan pudaklaryň biridir. Döwletimiziň energetika strategiýasy ykdysady taýdan esaslandyrylan we energiýa howpsuzlygy, şeýle hem daşky gurşawy aýawly saklamak nukdaýnazaryndan kepillendirilen. Biziň ýurdumyz uglewodorod hem-de çig mal serişdelerine baý döwletleriň biridir.

Häzirki wagtda hem nebit-gaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, onuň kuwwatyny we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin uly tagallalar durmuşa geçirilýär. Nebit-gaz toplumynda ylmyň hem-de halkara tejribäniň soňky gazananlaryny pudaga ornaşdyrmak, gazyň we nebitiň gazylyp alnyşynyň, olary gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmak boýunça anyk wezipeler kesgitlendi. Şolaryň hatarynda topluma sanly ulgamy, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy işewürleşdirmek, uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu pudaga maýa goýumlaryny çekmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna satmagyň dürli ugurlaryny kesgitlemek, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek, tebigy gazy we gazhimiýa önümlerini ýerlemekde bazarlaryň köpdürlüligini gazanmak ýaly wezipeleri bar. Ýurdumyzyň çägi häzir täze uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagyň nukdaýnazaryndan uly gyzyklanma döredýär.

Gyýanly şäherçesinde sebitde iri polimer zawody – polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumy öz önümini çykaryp başlady. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy-da şeýle kärhanalaryň hataryna girýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýyllyk kuwwaty dürli görnüşli örtükleriň 21 müň tonnasyna barabar bolan biaksiol – ugurly polipropilen örtügini öndürýän täze kärhana işe girizildi. Döwletimiziň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaş derejesini mynasyp eýelemegi, Ýewraziýa yklymynda dürli ugurlar boýunça energiýa gorlaryny yzygiderli eksport etmek boýunça mümkinçiliklerini artdyrýar. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynda häzir aýgytlaýjy pursat dowam edýär. Häzirki döwürde gaz geçirijiniň taslamasynyň başlangyç tehniki-taslama resminamalary taýýarlanyp, gatnaşyjy döwletleriň degişli edaralary tarapyndan ylalaşyldy. Şeýle uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň energetika ulgamynda Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder. Bu taslama durmuşa geçirilenden soňra, gaz geçirijisi arkaly bir ýylda 33 milliard kubmetre barabar tebigy gaz akdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu gaz geçirijiniň tebigy gaz üpjünçiligi bolsa, “Galkynyş” gaz käninden amala aşyrylar. Dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän iri “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginde uly möçberli maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Hereket edýän gaz ýataklaryny, ozaly bilen, tebigy gazyň gory boýunça dünýäde ikinji ýerde duran “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça-da ähmiýetli işler dowam etdirilýär.

Ýurdumyzyň çäklerinde nebit we gaz mümkinçilikleri hökmünde Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyny, Garabogaz kölüniň töwereklerini, Günbatar Türkmenistan çöketligini, Köpetdagyň eteklerini (Bokurdak ýapgytlygy), Merkezi Garagumy, Murgap çöketligini, Amyderýa sebitlerini, Üňüz aňyrsyndaky Garagumy, Derýalyk-Dagdan tekiz daglygyny görkezmek bolar. Şol bir wagtda hem ýurdumyzyň çäginiň köp bölegi nebit-gaz serişdeleri babatda entek doly öwrenilmedi. Munuň özi ýurdumyzyň nebitgaz ätiýaçlyklarynyň häzirki aýdylýan, çak edilýän möçberinden ýokary bolmagyny görkezýär.

.

Aýjemal JEPBAROWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakuletetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok