Kazanda Türkmenistanyň medeniýet şüweleňi geçirildi

Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda Türkmenistanyň medeniýeti, taryhy we däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan medeni çäre geçirildi. Nowruz baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen bu çäre Türkmenistanly talyplaryň hem-de Kazandaky Türkmenistanyň Baş konsullygynyň goldaw bermeginde geçirildi.

Türkmenistanyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan sergi myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Bu ýere ýygnanlar milli türkmen şaý-seplerini, elde dokalan halylary görmäge şeýle-de türkmen milli tagamlary bilen tanyşmaga pursat tapdylar.

Çäräniň barşynda myhmanlar bilen Türkmenistanda neşir edilen kitaplar görkezildi. Türkmen talyplaryndan düzülen “Dostluk” tans toparynyň çykyşy baýramçylyk çäresine gatnaşyjylaryň arasynda hakyky duýgulary döretdi.

Kazanda geçirilen bu medeni çärä Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň diplomatlary we talyplary hem gatnaşdy.

Mährijemal HALMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok