Günüň iň ýokary ölçegli suraty alyndy: 83 million piksel

Güne ýakyndan gözegçilik edýän “Solar Orbiter” kosmos teleskopy Günüň iň ýokary ölçegli suratyny Ýere iberdi.

Ýewropa kosmos gullugy (ESA) tarapyndan işlenip düzülen we 2020-nji ýylyň 10-njy fewralynda Güne syýahatyny başlan “Solar Orbiter” kosmos teleskopy Gün baradaky gözleglerini dowam etdirýär. Bu kosmos teleskopy Günden takmynan 77 million kilometr aradaşlykda ýerleşýär. Ýakyn ýyllarda bu aralygy 43 million kilometre çenli azaldar.

“Solar Orbiter” hemrasynyň ultramelewşe şekillendirijisi, Günüň daşky atmosferasyny taryhda ilkinji gezek 83 million piksel durulykda surata düşürmegi başardy. “Solar Orbiter” bu suraty almak üçin Günden 75 million kilometre golaýlaşyp, 4 sagadyň dowamynda 25 dürli surat alyp, olary birleşdirdi.

Alymlaryň aýtmagyna görä, “Solar Orbiter” kosmos teleskopynda 10 dürli datçik bar.  Bu datçikleriň altysy Güne we onuň töweregine gözegçilik edýär, galan 4 datçigi kosmos gämisiniň gurşawyna gözegçilik edýär. Mundan başga-da, Günüň üstündäki partlamalary ýakyndan gözden geçirýän “Solar Orbiter”, alymlara bu partlamalar barada jikme-jik gözleg geçirmäge mümkinçilik berýän maglumatlary Ýere iberýär.

Atageldi GARAJAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok