29-njy martda metjitler köpçülige açylar

Türkmenistanyň Müftüliginiň “InAshgabat” habar portalymyzyň redaksiýasyna habar bermegine görä, 29-njy martda metjitler köpçülige açylar.

Mukaddes Oraza aýynyň öňüsyrasynda açyljak metjitlerde ähli arassaçylyk-zyýansyzlaşdyryş işleriniň berjaý edilmegi bilen, hergün 5 wagt namazlar, tarawa namazy, juma namazy we Oraza baýramynyň aýyt namazy adaty tertipde okalar.

Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 13-ne ýurtda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça​ Döwlet meýilnamasynyň çäginde, zyýansyzlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda metjitler wagtlaýyn köpçülik üçin ýapylypdy.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiren mejlisiniň teswirnamasyna laýyklykda raýatlaryň 01.04.2021 seneden başlap tertibe laýyklykda metjitler we namazhanalar diňe 5 wagt namaz berjaý etmeklikleri üçin ybadata açyldy. Şol nukdaýnazardan ugur alyp geçen ýyl metjitlerde Baýram namazynyň okalmaýandygyny Türkmenistanyň Müftüligi raýatlaryň dykgatyna ýetitripdi.

Bu wagtlaýyn çäklendirmeleriň agzybirligi pugtalandyrmak, milli ýörelgeleri we maşgala gymmatlyklarynyň ähmiýetinden üzňe bolman, ýokanç keselleriň öňüni alyş çäresinden ybarat bolup, Yslam dininde adam saglygyna uly ähmiýet berilýändigi barada aladalardan esaslanýar, diýip Müftüligiň beýanynda maglumat berilipdi.

Şeýle-de okaň:

Metjitleriň, namazhanalaryň we zyýarathanalaryň çäklerinde keselleriň öňüni almak boýunça geçirilmeli işleriň wagtlaýyn tertibi

Yslam dininde mübärek aýlaryň we gijeleriň ähmiýet

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok