Hormatly Prezidentimziň ýurdumyzy ösdürmek boýunça alyp barýan giň gerimli durnukly ösüş strategiýasynyň binýatlyk ugry, iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp ösýän döwrebap diwersifikasiýalaşan häzirki zaman ykdysady gurluşy döretmekden ybarat bolup durýar. Şunda, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň ileri tutulýan ugry bolup, uzak möhletiň dowamynda depginli durnukly ösüşi, ilatyň maddy-hal ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy üpjün edýän, önümçilik serişdeleriniň we gurallarynyň üznüksiz ösüşini we döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýän milli ykdysadyýetiň nusgasyny döretmek zerurlygy ýüze çykýar.
31.12.2010 ýyldan-31.12.2021 ýyl ýagdaýyna Türkmenistan boýunça hereket edýän salgyt hasabynda duran şahsy taraplaryň sanyny deňeşdirip görenimizde, olaryň sany 31.12.2010 ý. ýagdaýynda 54463 bolan bolsa 31.12.2021 ý. ýagdaýynda bu görkeziji 63732-ä ýetdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek barada berýän goldaw-hemaýatlarynyň, bimöçber ýardamlarynyň netijesinde ýurdumyzda telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplaryň sany günsaýyn artýar.
Milli ykdysadyýetiň düzümini kämilleşdirmek syýasatynyň esasy höweslendirijisi bolup içerki we daşarky bazarlara gatnaşyjylar üçin bäsleşigiň deň şertlerini döretmeklik çykyş edýär. Şunda, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşmagynyň wajyp ugry döwlete dahylsyz böleginiň ähli görnüşleriniň we ýüze çykmalarynyň doly möçberlerde üpjün etmek wezipesi çykyş edýär. Esasan, ýurduň jemi içerki önüminiň düzüm üýtgemelerine döwlete dahylsyz bölek öz saldamly goşandyny goşýar. Çünki, hususy maýa innowasion ösüşe hem, ykdysadyýetiň real böleginde täze öňegidişlikleriň gazanylmagyna hem, ýokary bäsleşikli hyzmatlary ösdürmeklige hem ýardam etmäge gönükdirilen bolýar.
Ýurduň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýada: Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär diýip bellenilen. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda hususy eýeçiligi we telekeçiligi ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Munuň netijesinde, ilatyň düzüminde emläk eýeleriniň ösen gatlagy döreýär we kuwwatlanýar, olar ýurduň öndüriji güýçleriniň ösüşine saldamly goşant goşýarlar. Amala aşyrylýan maksatnamalarda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine uly ähmiýet berilýär, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy sözüň doly manysynda alnyp barylýar. Bu bolsa senagatçylar we telekeçiler gatlagynyň günsaýyn artmagyna getirýär. Bu ugur «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda bolup geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary taryhy mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy ýörelgesi hökmünde kabul edilen.
Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekligiň strategiki wezipelerini amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hukuk, guramaçylyk, emläk, maliýe, maglumat we beýleki görnüşlerde döwlet derejesinde hem-de welaýat we Aşgabat şäheri derejelerinde ýola goýuldy. Döwlet häkimiýet dolandyrylyşynyň guramalary, hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary kiçi we orta telekeçiligi goldamak, ykdysadyýetiň hususy bölegini kadaly ösdürmek babatynda özara arabaglanyşykly işleri ýola goýýarlar.
Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, ýörite maksatnama işlenip düzüldi we amala aşyryldy. Ähli milli, maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalaryň aglabasynda ykdysadyýetiň hususy böleginde görkezijileriň geljekki ösüşi öz beýanyny tapdy.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy bölegiň ösmeginde durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalarda göz öňünde tutulan ýaşaýyş-durmuş binalarynyň we desgalarynyň gurluşyklaryna döwlet sargydy esasynda bäsleşik şertlerinde ýerine ýetirilmegi, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekligi maliýeleşdirilmeginiň ýörite maksatnamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, kiçi we orta telekeçilik üçin hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem eksport kuwwatlylygy artdyrmak, importyň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk örän wajyp ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanda kiçi telekeçiligi goldamaklygyň ýeterlik derejede kämil ulgamy hereket edýär: Döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, esasan hojalygy alyp barmaklygyň strategiki wezipelerini çözýärler, ýerli ýerine ýetiriş häkimiýet edaralary we öz-özüni dolandyryş edaralary bolsa olaryň işiniň esasy anyk ugurlaryny kesgitleýärler. Sebäbi, ýurdumyzda işewürlik sebit häsiýetinde bolmak bilen, lokal häsiýetde we aýry-aýry sebitlere dahylly bolmagynda galýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy eýeçiliginde köpsanly hojalyk birlikleri (ýuridik şahslar): lomaý we bölek satuw söwdasynda; awtomobilleri we motosiklleri abatlamakda; oba hojalygynda, tokaý hojalygynda we balyk tutmakda; gurluşykda, işläp bejerýän önümçiliklerde; hünärmenlikde, ylmy we tehniki işlerde we ençeme beýleki ugurlarda has giň gerimlerde döredilýär.
Umuman, hususy işewürligiň, şol sanda-da kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi birnäçe maksatlary gazanmaklygy göz öňünde tutulyp alnyp baryldy. Olaryň hatarynda häzirki wagtda bar bolan sarp ediş harytlaryň importyny ýerli önümler bilen çalyşmak, azyk bazarlarynyň haryt bolçulygyny üpjün etmek, ýerli gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek ýaly ugurlary goşsa bolar. Käbir ýagdaýlarda kiçi we orta telekeçilik öz önümlerimizi goňşy döwletlerde ýerlemek üçin hem döredildi. Türkmenistanyň şertlerinde hususy bölekde hususy kärhanalary döretmek ilatyň, ilkinji nobatda-da ýaşlaryň we zenan maşgalalaryň iş üpjünçiligine düýpli täsirini ýetirdi. Munuň mysaly hökmünde Mary welaýatynda soňky ýyllarda döredilen «Eşretli Bagtyýar Zaman» hususy kärhanasyny we «Üç nesile dowamat» hojalyk jemgyýetini getirse bolar. Bu agzalan kärhanalarda täze döredilen iş orunlarynda tehniki taýdan ösen döwletleriň enjamlary we tikin maşynlary oturdyldy. Şular ýaly mysallaryň ýüzlerçesini getirse bolar. Tehniki we tehnologiki taýdan ösen döwletleriň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap iş orunlarynyň döredilmegi ýurdumyzyň ilatynyň iş üpjünçiliginiň wajyp ugruna öwrülýär.
Ýurdumyzda hususy eýeçiligi we ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegiň ýene bir wajyp ugry innowasiýa önümlerini öndürýän önümçilikleri döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu ugurda edilýän işleriň aýdyň mysaly hökmünde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işlerini getirse bolar. Bu hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda täze döreýän pudagyň – elektron senagatynyň önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirilendir.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda hem et we et önümleri, süýt we süýt önümleri, gök önümler, azyklyk bakja, miwe we ir-iýmişler ter görnüşinde-de, gaýtadan işlenip konserwirlenen görnüşinde-de, gurluşyk materiallarynyň, ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň käbir görnüşlerini öndürmek we ýerlemek babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu önümleriň sanawy gitdigiçe giňelýär.
Bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde diňe önümleri öndürmek bilen çäklenmän, eýsem olary amatly ýerlemek hem wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa, öz gezeginde, içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän önümlere bolan islegi öwrenmegi talap edýär. Dünýä tejribesinde bu ugurda döwrebap maglumat tehnologiýalary, hakykat ýüzünde sanly ykdysadyýet ornaşdyrylýar. Şu jähtden, döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup, sanly ulgama çalt depginler bilen geçmek wezipesi çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi zerur bolup durýar.
Parahat MERETLIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň
baş hünärmeni.
Teswirler