25-nji martda Türkiýe Respublikasanyň Bursa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet şüweleňi geçirildi. Bu medeni çäre Bursa şäher häkimliginiň, Bursa Uludag uniwersitetiniň Türki garyndaş jemgyýetleriň birleşiginiň ylmy barlag merkeziniň bilelikde guramagynda geçirildi.
Faik Çelik adyndaky hünär we tehniki Anadolu litseýinde geçirilen bu dabaralar toplumyna Türkmenistanly talyplar işjeň gatnaşdylar.
Şüweleňe gatnaşanlar, Türkmenistanyň medeniýeti, taryhy we däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik tapdylar. Çärede sergilenen türkmen milli tahýalary, el halylary we ýaňy ýakynda ÝUNESKO-nyň sanawyna giren türkmen dutary bu ýere ýygnananlaryň ünsüni özüne çekdi.

Çäräniň barşynda, türkmen talyplaryň taýýarlamagynda Türkmenistan Watanymyz bilen tanyşdyrýan prezentasiýa bilen çykyş edildi. Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” goşgusy, dutar owazy, monjukatdylar, läle, türkmen göreşi, palaw tansy, küşdepdi sahnalary medeni çäräniň üstüni ýetirdi.


Teswirler