Merkuriý planetasynda 16 kwadrillion tonna almaz käniniň barlagy öňe sürülýär

Güne iň ýakyn planetalaryň biri bolan Merkuriý planetasynda ullakan almaz ýataklarynyň barlygy öňe sürülýär.

Gün ulgamynyň iň kiçi planetasy we Güne iň ýakyn planetasy Merkuriýniň 1 ýyly Ýeriň 88 gününe deňdir. Merkuriý Gün ulgamynyň beýleki planetalaryndan has çalt hereket edýär. Şeýle hem, planetanyň atmosferasynyň ýoklugy Merkuriýniň üstki temperaturasyny çalt üýtgedýär.

Täze gözlegiň netijesine görä, Güne iň ýakyn planetadyr Merkuriýde köp mukdarda almaz ýatagy bar. Planetada uglerodyň arassa görnüşi bolan grafit bilen örtülendigi, meteoritler, asteroidler we kometalar urlandan soň grafitiň almaz görnüşine öwrülendigi alymlar tarapyndan çaklanylýar.

Bu almazlary geljekde gazyp alyp bolarmy? Bu alymlary aýtmagyna görä, mümkin däl. Merkuriýniň orbital mehanikasy sebäpli planetanyň daşyndan aýlanmak we gonmak gaty kyn. Şeýle-de bolsa, bu almazlary çykarmak teoretiki taýdan mümkin.

2025-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Merkuriý planetasyna baryp, ony doly öwrenjek Ýewropa kosmos gullugynyň “BepiColumbo” kosmos raketasy gämisi almazlar barada has köp maglumat toplap biler diýlip çaklanylýar.

Gülsoltan HYDYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok