Ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň ösüş depgini gün saýyn ýokarlanýar

Diýarymyzda bagtyýar zamanamyzyň ajaýyp keşbini has-da gözel görnüşe getirýän döwrebap binalaryň we desgalaryň gurluşygyna uly üns berilýär. Şonuň netijesinde, bu ulgamyň işi has-da kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň gurmak, döretmek baradaky arzuwlary hasyl boldy.

Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp ymaratlaryň, döwrebap zawod-fabrikleriň, senagat kärhanalarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet öýleriniň, lukmançylyk merkezleriniň, stadionlaryň, bedenterbiýe hem-de sagaldyş toplumlarynyň, seýilgähleriň, awtoulag ýollarynyň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Gün saýyn özgerýän paýtagtymyzyň, şäherlerimiziň we obalarymyzyň ösüşini hem gurulýan dürli maksatly desgalaryň taslamalarynda açyk aýdyň görmek bolýar.

Gurluşyk senagatyny ösdürmek – döwletimiziň durmuşa geçirýän  ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň bu ugurda işleýän hususy kompaniýalarynyň okgunly ösmegi bilen bir hatarda, milli gurluşyk senagatyna maksadalaýyk ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar sanlyja ýyllarda bu möhüm pudagy düýpli özgertdi. Ak mermere beslenen türkmen paýtagty munuň aýdyň subutnamasy bolup, bu ýerde häzir ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň iri taslamalary, ägirt uly Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy, ulag we jemagat düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri hem giň gerimde dowam edýär.

Eziz diýarymyzyň baş şäheri, Aziýanyň merjen şäherine öwrülen gözel Aşgabat özüniň owadan, belent ymaratlary bilen dünýä halklaryny özüne haýrana goýýan bolsa, welaýatlarymyzda gurlan we gurluşygy dowam edýän binalar häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli babatda durnukly ösüşi başdan geçirýändigini nygtamaga mümkinçilik berýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bu günki gün gurluşyk pudagynda döwrebap ösüşleri başdan geçirýär. Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany satg, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde hemişe üstünlikleriň we rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

.

Myrat Ýazyýew,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok