Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ykdysady syýasat üstünlikli alnyp barylýar. Onuň maliýe, karz, býujet, salgyt baha ugruny emele getirýän häzirki zaman bazar gatnaşyklaryna geçmegiň özboluşly milli usuly işlenip taýýarlandy. Bazar gatnaşyklaryna geçilýän şertlerde ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak boýunça işler tapgyrlaýyn ýagdaýda alnyp barylýar. «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýyrylmagy, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hereket edýän pudagara topar bäsleşikli söwdalaryň ýokary hilli guralmagyny üpjin edýär.
Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmekde döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak işine möhüm ähmiýet degişlidir. Türkmenistan boýunça 2010-njy ýyldan 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli döwlet eýeçiligindäki hususylaşdyrylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 627 bolup, munuň 95-si 2021-nji ýyla degişlidir.
Aslynda, ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we hususy ulgamy goldamak bazar gatnaşyklary ýörelgelerine geçmekde esasy şertleriň biridir. Türkmenistanda hususyýetçilik giň gerimde, toplumlaýyn we yzygiderli esasda ösdürilýär. Ýurdumyzda hereket edýän «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Kanunda, «Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013 — 2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Kararda, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak boýunça beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ozal dünýä tejribesinde ulanylan netijeli ýörelgeler giňden özleşdirildi. Şu ýerde orta we kiçi telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň kabul edilendigi aýratyn bellärliklidir. Hususyýetçilere dürli maksatly desgalary gurmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin ýer bölekleri bölünip berilýär. Türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryna çykmagy, halkara bazar giňişliginde mynasyp orun eýelemegi üçin hem ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasy döredilip, işewürlere öz paýnamalaryny Aşgabat gazna biržasynda satmaga-da hukuk berildi. Bularyň ählisi senagatçylar we telekeçiler üçin giň mümkinçilikleri açdy. Telekeçilerimiziň önümleri diňe bir özümizde däl, dürli ýurtlaryň bazarlarynda-da «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen meşhurlyk gazanýar. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmek, işewür hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak maksady bilen daşary ýurtlarda türkmen telekeçileriniň wekilhanalary, söwda, modalar we hyzmatdaşlyk öýleri açyldy.
Oba ýerlerinde iri möçberli maldarçylyk we guşçulyk toplumlary döredildi. Olaryň aglabasynda çykarylýan önümler özüniň ýokary hili bilen daşary ýurtlardan getirilýän haryt nusgalaryna doly bäs gelip, daşarky bazarlarda-da bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar.
Milli haryt öndürijileriň işjeňliginiň günsaýyn ýokarlanmagy «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda» bellenilen möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna saldamly goşant bolýar.
Häzirki döwürde döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak boýunça işleriň depginini has-da güýçlendirmek, bäsleşikli söwdalaryň hilini ýokarlandyrmak, ahyrky netijede, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny has-da kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Şunda baş maksat ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak bolup durýar.
Parahat MERETLIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň
baş hünärmeni.
Teswirler