Magtymguly – dünýä ýaň salýar

Ruslary Puşkinsiz, Tolstoýsyz göz öňüne getirmek mümkin bolmaýşy ýaly, türkmenleri hem Magtymgulusyz göz öňüne getirmek kyndyr. Ol türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň iň ýokary derejede ýüze çykmasydyr.

ÝURIÝ SUROWSEW, rus alymy

***

XVIII asyr Türkmenistanda Magtymgulynyň poeziýasynyň asyrydyr.

Magtymguly – bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar.

ÇINGIZ AÝTMATOW, gyrgyz ýazyjysy

***

Türkmen  Magtymguly, gazak  Abaý, garagalpak Berduk – bular Orta Aziýa sähralarynyň üç sany parlak ýyldyzy…

GAPUR GULAM, özbek şahyry

***

… Magtymgulynyň täsirli sözleri asyrlar boýy saklanyp galar. Häzirki wagtda men şol sözleri Şekspiriň, beýik ukrain kobzary Taras Şewçenkonyň ölmez-ýitmez döredijiligi bilen deň derejede deňeşdirip bilerin.

IWAN DRAÇ, ukrain şahyry

***

Iňlislerde meşhur Wilýam Şekispire deňelen ýekeje şahyr bar.

Ol – Magtymguly.

BRAÝAN OLDIS, iňlis alymy

***

Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň iň parlak ýyldyzlarynyň biridir. Magtymguly türkmen edebi diliniň iň beýik ussadydyr.

EBRAHIM GOLESTAN, eýran ýazyjysy

***

Magtymguly halky şygyrýetiň şamçyragydyr. Duşmanlar onuň golýazmasynyň köp sanlysyny ýok etdiler, emma olar diňe kagyzy ýakdylar – beýik sözi ýok edip bolmaýar.

NABI HAZRI, azerbaýjan şahyry

***

Magtymgulynyň goşgularynda halkyň  kalby, söýgüsi we hasraty, oý-hyýallary we ymtylyşlary, zähmeti we göreşi, yhlasy hem umydy, ajaýyp geljege bolan ynamy öz beýanyny tapýar.

MIRSEID MIRŞEKER, täjik şahyry

***

Edil genial Puşkiniň, ukrain halkynyň beýik kobzary Şewçenkonyň, Nyzamynyň  hem-de Rustaweliniň, Saýat Nowaýynyň we Abaýyň döredijiliginiň halklaryň hemmesine ýakyn  hem ýakymly bolşy ýaly, Magtymgulynyň jadyly döredijiligi-de bize ýakyn hem ýakymly.

GRIGOL ABAŞIDZE, gruzin ýazyjysy

***

Hafyz, Sagdy, Firdöwsi, Magtymguly ýaly şahyrlaryň eserleri – uly mekdep. Men Magtymgulynyň goşgularyny okap şeýle pikire geldim: eger Magtymgulynyň dünýäsini doly öwrenip bolsa, onda özüňi dünýäde iň bagtly adam hasap etse bolar, islän menziliňe-de ýetip bilersiň.

ANDRE MARLO, fransuz ýazyjysy.

Aýgül GURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdüri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok