Ýylyň terbiýeçisi – 2022

Aşgabat şäher Baş Bilim müdirliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň 171-nji çagalar bagynda “Ýylyň terbiýeçisi-2022” atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik iki şertden ybarat bolup, iki günläp dowam etdi.

Turkmenistan.gov.tm habar saýtyna görä, bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, terbiýeçiler sözleýşi ösdürmek, sowat hem-de ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak, şeýle-de beýleki sapaklar boýunça körpeler bilen sapaklary alyp bardylar.Terbiýeçiler sapak wagtynda irki ýaşda çagalara öwrediji oýunlary oýnatmagyň, mekdebe çenli ýaşly çagalara watançylyk terbiýesini bermekde olaryň göz öňüne getirmek arkaly akyl ýetiriş, pikirleniş ukyplaryny we sözleýiş dilini ösdürmegiň usullaryny, türkmen halk ertekileriniň çaga terbiýesindäki ornuny düşündirdiler.

Bäsleşigiň ikinji şertinde terbiýeçiler özleriniň döredijilik işleri bilen tanyşdyrdylar. Olar körpeler bilen guralýan sapaklarynda ulanýan görkezme esbaplaryň görnüşleri, multimedia tagtasyndan peýdalanmagyň ähmiýeti, slaýd şekilleri, elde ýasalan gurjaklaryň sapaklarda peýdalanyş usullary barada aýtdylar. Eminler tarapyndan berlen sowallara jogap berdiler. 

Eminler toparynyň gelen netijeleri boýunça “Bagtyýar-nesiller” atly 14-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Maral Çogdarowa birinji orny eýeledi. Ikinji orna 183-nji çagalar bakja-bagynyň  terbiýeçisi Täzegül Orazmyradowa mynasyp boldy. “Nowruz” atly 102-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gurbangözel Altyýewa üçünji orna eýe boldy.

Bäsleşikde 1-nji orna mynasyp bolan terbiýeçi onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Gülälek AMANJAÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok