“Ýylyň mugallymy – 2022” şäher tapgyry geçirildi

Ýaňy ýakynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdepde “Ýylyň mugallymy-2022” bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň bilelikde guran bu bäsleşigine paýtagtymyzdan mugallymlaryň on üçüsi gatnaşdy. Onda bäsleşigiň tapgyryna gatnaşan mugallymlar öz ukyp-başarnyklaryny, hünär ussatlyklaryny we okatmagyň kämil usullaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň şerti üç bölümden ybarat bolup, ol iki gün dowam etdi. Şertlere laýyklykda, mugallymlar sapakda okuwçylar bilen işjeň aragatnaşyk saklamagy başarmak, multimedia tagtasyndan peýdalanmak ýaly zehin başarnyklaryny görkezdiler.

Birinji orna Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň başalangyç synp mugallymy Jennet Mämmetjumaýewa eýe boldy. 13-nji orta  mekdebiň fizika mugallymy Baýram Aşyrow ikinji orna mynasyp boldy. Geçirilen bäsleşikde üçünji orny 23-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy Çarygeldi Meredow we 20-njy orta mekdebiň taryh mugallymy Ogultagan Öwezowa eýeledi.

Iki günläp dowam eden “Ýylyň mugallymy-2022” bäsleşigiň ýeňijilerini hormat hatlar we sowgatlar bilen sylaglandy.

Indiki tapgyrda bu bäsleşikde ýeňiji bolanlar döwlet tapgyrynda, has takygy, welaýatlardan ýeňiji bolan mugallymlar bilen özara bäsleşerler.

Medine RAHMANOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok