Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow aradan çykdy

Şu gün göwünlere gülki paýlaýan, ömür dowamy gülkä, şatlyga ýugrulan ynsan, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow aradan çykdy. “InAshgabat” portalynyň redaksiýasy Täçmämmet Jürdekowyň ýakyn dogan-garyndaşlaryna uly gynanç bildirýär. Goý, halypanyň jaýy jennetden bolsun!

Täçmämmet Jürdekow barada durup geçsek..

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda eneden bolýar. Ýazyjynyň çagalyk ýyllary Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelýär. Ol 1959-1964-nji ýyllar aralygynda Moskwanyň döwlet medeniýet institutynda okaýar. T.Jürdekow 1982-nji ýylda Žurnalistler hem-de Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Halypa ýazyjy Bolgariýa, Hindistan Respublikasy, ABŞ, Mongoliýa, Siriýa Arap Respublikasy, Malta, Eýran Yslam Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Päkistan Yslam Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly birnäçe döwletlerde iş saparynda bolýar.

T.Jürdekow 1965-1966-njy ýyllarda öňki Türkmenistanyň döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri (häzirki Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy) wezipesinde işleýär. 1968-1971-nji ýyllarda Gökdepe etrap partiýa komitetiniň bölüm müdiri, 1972-1982-nji ýyllarda Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň medeniýet bölüminiň instruktory, bölüm müdiri, 1982-1986-njy ýyllarda Türkmenistanyň Telewideniýe we radio gepleşikleri baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary, 1986-1994-nji ýyllarda «Tokmak» žurnalynyň baş redaktory, 1994-1998-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory, 1998-2007-nji ýyllarda Türkmenistanyň milli medeniýet merkeziniň milli kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary wezipelerinde zähmet çekýär. 2007-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň alym kätibi bolup işläp gelýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok