Türkmençilikde 7-lik sanyň keramatlylygyndan ugur alnyp, her onluk sanyň 7-si hem düşümli san hasaplanypdyr. Meselem, «özge sähedi bilmeseň, üç ýedini bilmediňmi?!» diýmek bilen, her ayyň 7-si, 17-si, 27-si sähetli günler hasaplanylýar.
Biziň halkymyz adamyň özi babatda-da, onun ýaşayyş-durmuşy bilen baglylykda-da köp-köp zatlary özüniň eý görýän ýedilik sany bilen baglaýar.
Meselem, adamyň 7 atasy bar diýilýär: 1. Adam ata; 2. Nuh ata; 3. Öz ataň; 4. Azan ataň; 5. Sünnet ataň; 6. Ylym ataň; 7. Gaýyn ataň.
Maşgala döwlet getirýän, rysgal-berekediň çeşmesi bolan ýedi hazyna şeýle kesgitlenipdir: 1. Daýhançylyk; 2. Goýüri; 3. Ylymlylyk; 4. Aýal maşgalanyň haly dokamagy; 5. Towuk; 6. At (tohum baýtal); 7. Sygyr.
2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Maddy dal medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmak bilen, türkmen milletiniň zehin-paýhasynyň düýpsüz ummandygyny Ýer ýüzünde ýene bir gezek ykrar etdiren «Görogly» şadessanynda şeýle görnüş bardyr. Görogly Agaýunus perini ýanynyň depseň-deprenmez engamy bilen — iki horjun lagly-jowahyr bilen alyp gelende, onuň agasy Genjim bege gelýän buşlukçy: «…iniň ýedi arkasy ýere degmez ýaly bölüp gelipdir» diýýändir. Şonda ol adamyň nesliniň ýedi arkasyny (ogul, agtyk, çowluk, ýuwluk, gowluk, geňlik, taňlyk) göz öňünde tutup, Göroglynyň nebereleriniň şonçasynyň horluk garasyny görmejekdigini aýdýar.
Türkmen maşgalasynda iň uly şatlyk, buýsançly waka bolan gelin edinmek dabarasynda, gelin atasy öýüne gaýtarylanda, gudalara iki saçak äkidilýär. Ýagny, iki sany saçagyň hersine 7 jübüt gatlakly salnyp, köýmet edilýär. Bir söz bilen aýdylanda, türkmen halky özüniň iň gowy, iň mukaddes zatlaryny ýedilik san bilen baglaýar.
Bägül Sapaşowa
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleriinstitutynyň «Ýewropa dilleri we edebiýaty» fakultetiniň «Ispan» dili hünäriniň 3-nji ýyl talyby
Teswirler