Suwarymly ýerleri dikeltmekde kämil suwaryşyň ähmiýeti

Ata Watanymyzda suwa uly gadyr-gymmat goýulýar. “Suw damjasy-altyn dänesi” diýen parasatly sözi döreden halkymyz öz ýaşaýyş durmuşynyň özeniniň suwdandygyna örän gowy düşünipdir. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde gadymy topragymyzyň berekedi has-da artýar, töwerek-daşymyz, oba-şäherlerimiz gülzarlyga öwrülýär.

Ýer we suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak bilen azyk garaşsyzlygyny berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle maksatlara ýetmek üçin ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ylmy taýdan ösen ekerançylyga öwürmek, suw baýlyklaryny tygşytly ulanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny we ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de oba hojalyk önümçiligini bazar gatnaşygyna geçirmek häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir.

Damja usuly bilen yzygider, endigan suwarylanda ösümlikler ýokumly maddalary we yzgary netijeli özleşdirýär. Şeýle ýagdaýda topragyň howa geçirijiligi saklanýar bu bolsa kökleriň kadaly “dem” almagyna kömek edýär. Damjalaýyn suwaryşda suw we mineral maddalar ösümligiň kök zolagyna göni berilýär. Haşal otlar üçin amatsyz şert döreýär. Damjalaýyn suwaryşyň ýenede bir amatly tarapy bu usul ýyladyşhanalarda ulanylanda, ösdürilip ýetişdirilýän pomidoryň, ýer almanyň, hyýaryň hasyllylygy ýokarlanýar.

Oba hojalyk ekinlerini suwaryşyň damjalaýyn usuly bilen suwaranyňda suw ýer üstünden ýokarda, ýer üstünde we ýerasty ýerleşen polietilen turbalaryň kömegi bilen gös-göni ekinleriň kök zolaklaryna berilýär. Suw baýlygyny tygşytlamaga ýardam berýän, derýalaryň ugrunda gurlan suw howdanlarynyň orny has-da uludyr.

Damjalaýyn usulda suwarmagyň esasy artykmaçlygy suw tygşytly ulanylýar we ekinleriň hasyllygy ýokarlanýar. Ýerleri tekizlemek we zeýkeşleri gurmak zerurlygy döremeýär. Suwaryşyň damjalaýyn suwarmak usuly tebigy baýlyklarymyz bolan ýeri, suwy, döküni netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär.

Dünýägözel ARAŞOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok