Inçekesele garşy göreşmegiň Bütindünýä güni

Bütindünýä inçekesel güni ―  Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) başlangyjy bilen döredilip, onuň 1993-nji ýylda global mesele hökmünde ýüze çykyp başlanmagy netijesinde, oňa garşy göreşmegiň ýollary gözlenip başlanýar.

Global epidemiýasy bolan inçekeseliň ýaýramagynyň öňüni almak we bu babatda dünýä jemgyýetçiliginiň habardarlygyny  ýokarlandyrmak bu günüň esasy maksady bolup durýar. Inçekesele garşy göreşmegiň güni hökmünde, 24-nji martyň  saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Ýagny, 1882-nji ýylyň şu güni nemes mikrobiology Robert Koç inçekesele sebäp bolýan bakteriýany tapyp, bu keseli anyklamaga we bejermäge mümkinçilik döredendigini mälim edýär. Inçekeseliň ynsan saglyga we tutuş jemgyýete ýetirýän zyýanyny göz öňünde tutmak bilen, bu kesele garşy göreşmek  we ýurtlaryň maksatlaryna ýetmek boýunça bütindünýäde  zerur bolan  çäreler we ýokary derejeli ýygnaklar gurnaldy.

Inçekesel dünýäde iň elhenç ýokanç keselleriň biri bolmak oňa garşy göreşmek boýunça global tagallanyň netijesinde, 2000-nji ýyldan bäri 58 milliondan gowrak  adam halas edildi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy  “Bütindünýä inçekesel gününiň”  çäginde inçekeselden ejir çeken hökümetleri, jemgyýetleri, saglygy goraýyş edaralaryny, milli we halkara hyzmatdaşlaryny  her dürli şygarlar bilen hereketleri birleşdirmäge çagyrýar.

.

Medetmuhammet BALLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklar institutynyň Halkara
hukugy  fakultetiniň  III ýyl talyby.

                                                                                                                 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok