Halk içinde Lukman Hekim diýlip tanalýan Abu Ali Ibn Sinanyň lukmançylyk ylmyna degişli birnäçe maslahatlary we bejergileri bar. Şolardan biri hem bala nar goşup iýmegiň ajaýyp peýdasydyr.
Nar immun ulgamyny güýçlendirip, köp kesellerden, esasanam düwnük keselinden goraýar. Flowanidleriň, witaminleriň, polifenollaryň, antosýaninleriň we taninleriň üsti bilen holesterini we şekeri deňleşdirýän nar, diňe bir ýürek-damar saglygyny goraman, eýsem rak öýjükleriniň döremeginiň hem öňüni alýar. Lukman Hekim nary bal bilen bile iýmekligi ynsanlara hemişe maslahat beripdir.
Nar bilen baly garyp iýmegiň peýdalary:
Nar goşulan bal ilki bilen bokurdak ýokançlyklaryndan dynmaga kömek edýär. Esasan hem bokurdagy ýumşadyp, aşa iriňli bokurdak ýaralaryndan dynmaga kömek edýär.
Nar goşulan baly iýmek ýürek bulanmasyndan ejir çekýänler üçin hem peýdalydyr. Şeýle hem aşgazanda döreýän gastrit keselini gowulaşdyrmakda esasy bejergileriň biridir.
Nar goşulan bal iýilse, içege funksiýalarynyň kadalaşdyryjy täsirini ýokarlandyrýar. Içege kesellerinden, esasanam içegäniň rak keselinden goraýar. Nar däneleri bal bilen garylyp ýaralara ýapylanda täsirli bejeriş güýjüne eýedir.
Döwletmyrat ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler