Bagtyýarlygyň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl bolýar. Watanymyza ilkinjileriň hatarynda diplomatik gatnaşyklara gol uzadan döwletleriň hatarynda Türkiýäni, Koreýa Respublikasyny, Beýik Britaniýany, Daniýany, Owganystany, Eýran Yslam Respublikasyny, Ýaponiýany, Kanadany, Italiýany, Saud Arabystany Patyşalygyny, Hindistany görkezmek bolar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň oňyn özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasaty dünýä döwletleri bilen ýola goýulýan ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge we milli bähbitleri goramaga giň mümkinçilikleri açýar.

Bedew bady bilen galkynýan Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda alyp barýan işleri diňe bir ýurdumyzyň ösüşini üpjün etmän, eýsem, ol sebitiň döwletleriniň abadançylygyna, onuň ygtybarly ösüşine hem gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek mynasybetli geçirilen dabarada: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy we özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýip, ösüşiň täze taryhy döwürde öňde durýan wezipeleriň esasy ugurlary barada aýtdy. Bu bolsa Diýarymyzyň täze sepgitlere ýetjekdigini äşgär edýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylan ösüşiň täze döwri eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň has-da artyp, ykdysady kuwwatynyň ýokarlanjak, ähli ugurlarda täze-täze üstünliklere ýetiljek eýýamdyr, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň täze belentliklere çykjak ajap zamandyr.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimize mundan beýläk-de beýik ösüşler hemra bolsun!

Çemen BAÝRYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok