Ýurdumyzda gowaça ekişi badalga aldy

23-nji martda, ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi ýurduň bäş sebitiniň dördüsinde, ýagny-Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda başlandy. Bir hepdeden, 30-njy martda ekiş möwsümine ýurduň demirgazyk bölegi Daşoguz welaýaty hem goşular.

Ýurtda şu ýyl ekerançylara 580 müň gektar ýer bölnüp berilip, ondan 1,250,000 hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär. Şol sanda Watan harmanyna Ahal welaýatyndan 280 müň tonna, Daşoguz welaýatyndan 275 müň tonna, Lebap welaýatyndan 320 müň tonna, Mary welaýatyndan bolsa 365 müň tonna pagta hasylyny tabşyrmak meýilleşdirilýär. Emma toprak we howa şertleri sebäpli agrosenagat toplumynda maldarçylyga üns berýän Balkan welaýatyndan bary-ýogy 10 müň tonna pagta hasylyna garaşylýar.

Häzrki wagtda Türkmenistanda orta hilli we inçe süýümli ýerli pagta önümleri ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň habar bermegine görä, ekişde 1,7 müňden gowrak traktor we ekişçi, 5,5 müňden gowrak ekerançylar öz zähmetini siňdirýär we beýleki enjamlar ulanylar. 

Öwezmämmet GELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok