Ýaş ykdysatçylary ýetişdirmek

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, bilim we ylym ulgamy, şol sanda akademiki, ýokary, orta hünär we umumybilim berýän mekdepleriň döwrebaplaşdyrylmagy ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde öňe çykaryldy we üstünlikli çözülýär.

Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, eziz Diýarymyzyň senagatyny batly depginler bilen ilerletmäge tarap ugur alyp, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň depginlerini artdyrmagy hem-de hilini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Öňdebaryjy ýokary netijeli önümçilikleri döretmäge, senagatyň ähli görnüşlerini özleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli ösüş maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirilýär. “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýet bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmek üçin bu ugurda kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. “Aragatnaşyk hakynda”, “Ylmy edaralar hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Elektron resminama hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda birnäçe maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow özüniň eden çykyşynda  ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmagy tabşyrdy. Munuň özi kämil ýaş nesli kemala getirmek üçin uly mümkinçilikleri döreder. Bu bolsa durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine ýetmegiň açary bolup durýar.

.

Maýa Arslanowa,

 S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň  
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok