Saglyk – abadanlygyň kepili

Türkmenistanda saglyk ulgamyna, adamyň beden we ruhy saglygyna berilýän üns döwlet derejesindäki alada öwrüldi.

Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygyny goramak, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini we endiklerini jemgyýetimiziň durmuşuna giňden ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny ýokary derejeli, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, sebit we dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak, ösdürmek ugrunda uly üstünlikler gazanylýar.

Lukmançylyk edaralary döwletiň durmuş we ykdysady ýagdaýyny görkezýän esasy alamatlaryň biridir. Gurulýan saglyk edaralary näçe kämil we döwrebap bolsa, halkyň lukmançylyk ulgamyna bolan ynamy şonça-da berk bolýar. Munuň özi şol edaranyň bitirýän işi ýaly wajyp ähmiýete eýe bolup durýar. Hut şonuň üçin hem, saglyk edaralarynyň berkligine we howpsuzlugyna hiç bir zadyň, şol sanda, tebigy hadysalaryň hem täsiri ýetmeli däldir. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Kynçylykly hadysalarda saglygy goramak hereketi boýunça orunbasarynyň dünýä jemgyýetçiligine iberen ýüzlenmesinde şeýle mesele we ony aradan aýyrmagyň wezipeleri barada aýdanlary biziň ýurdumyzdaky saglyk edaralarynyň gurluşygyny nusgalyk derejelere çykarýar

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hassahanalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly çagyryşynda esasy üns köne binalary abatlamaga, olaryň enjamlaryny täzelemäge gönükdirilýär. Onda islendik lukmançylyk edarasynyň döwlet üçin ummasyz serişdä durýandygy nygtalýar. Hakykatdan-da, başga binalardan tapawutlylykda, saglyk edaralarynda göz öňünde tutulýan talaplar, enjamlar we arassaçylyk, barlaghana bilen bagly şertler has köp bolup durýar. Biziň ýurdumyzda saglyk ulgamyny ýokary derejä çykarmak bilen bagly edilýän işlerde çuňlaşdyrylan nazary bilimler hem öz mynasyp ornuny tapýar.

.

Aşgabat Döwranow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Himiýa fakultetiniň 1-nji -njy ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok