Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessanynda daglaryň waspy

Tebigatyň döreden daglary özüniň täsinligi, tylla öwüşgünli daşlary bilen ony synlan ynsany özüne bagly bolmadyk täsin duýgy bilen jadylaýar. “Gudrat görseň daglara bar’ diýlen halk pähimi bar. Ynsana göwnüçökgünlik aralaşanda ajaýyp daglary synlap ruhlanýar.
Nusgawy edebiýatyň görnükli wekili Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessanynda Tahyryň dilinden aýdylýan “Daglar” goşgusynda dag örän kämil şekilde suratlandyrylýar. Goşguda eziz topragyny, Watanyny söýýän şahyryň synçylygy, ussatlygy, özboluşly, tebigy zehini aýratyn ýüze çykýar.
Bu ajaýyp goşgudan dag gaýalarynda erkana gaýyp ýören bürgütler, derelerinde gezip ýören jerenleriň janly keşpleri göz öňüne gelýär. Daglaryň daşlaryndan syzylyp çykýan ajaýyp çeşmäniň täsin sesi, bag- bakjasynda saýraýan bilbilleriň şirin mukamy,gaýalaryndan gaplaňlaryň arryldysy gulagyňa eşdilýär.

Bu setirler hiç bir ynsan biparh goýmaýar. Şahyryň watançylyk duýgusy, türkmen topragyna, onuň haýwanat we ösümlikler dünýäsine bolan söýgüsi bu dürdäne setirleriň üsti bilen ynsan kalbyna ornaýar. Olary hyjuwlandyrýar, ruhy taýdan baýlaşdyrýar.

Mollanepesiň ýaşan galagoply döwründe adamlaryň ruhuny baýlaşdyrmak, il-ýurda söýgi döretmek hyjuwy güýçli bolupdyr. Daglaryň ynsan bedeniňe gurp berýän, keramatly topraga söýgi döredýän gudratly güýjüni diňe şol topragyň gurbany bolan, şol toprakdan kemal tapan, ony döş gerip gopran we gorap biljek şahsyýet döredip biler. “Daglar” şygry “Zöhre-Tahyr” dessanynyň ähmiýetini has-da artdyrýan aýdyma öwrülen ajaýyp goşgudyr.

Gudratly tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan daglar bilen pynhan sözleşmek, iç döküşmek, syr alyşmak ýaly häsiýetleri halky eserlerde, dessanlarda Göroglynyň, Keremiň, Tahyryň keşbinde görmek bolýar. “Zöhre-Tahyr” dessanynda daglar ýalňyz Tahyra düşünýär, oňa darka ýarylyp ýol berýär.
Mollanepes “Zöhre-Tahyr” dessanynda daglaryň waspyny edende, çeperçilik serişdelerinden ussatlyk bilen peýdalanyp, türkmen edebiýatynda öz ýoluny tapan şahyr hökmünde tanalýar. “Daglar” goşgusy özüniň ýokary hilli mazmuny, kämilligi bilen türkmen we dünýä edebiýatynda öz mynasyp ornuny eýeleýär.

Akgül KAÝUMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok