Şu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň professory, Türkmenistanyň Halk artisti, Hormatly il Ýaşulysy Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaş ýubileýi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda uly dabaraly konsert geçirildi. Konsert Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti Batyr Çaryýewiň şowhunly alyp barmagynda geçdi. Konsert ilki bilen Atageldi Garýagdyýewiň ömri hem-de döredijiligi bilen baglanyşykly gyzykly wideo şekil bilen başlandy. Wideo-şekilde arhiwden alynan birnäçe parçalar, ýagny, Medeniýet Şahberdiýewa, Nury Halmammedow, Orazmyrat Gummadow ýaly şahsyýetlerimiziň Atageldi Garýagdyýew baradaky ajaýyp jümleleri, ýazgylary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Halk artisti Baýramdurdy Hudaýnazarow ýaly ýene-de birnäçe halypalarymyzyň gyzykly, täsir galdyryjy gürrüňleri bilen şol sanda Atageldi Garýagdyýewiň ýaşlyk döwründe hem-de häzirki wagtda ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlary bilen bezelipdir.
Konsertda Atageldi Garýagdyýewiň “Arkadag” aýdymy aýdylyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory Amangeldiýew Resul Hangeldiýewiçiň konserdi açyp gutlap bermegi bilen başlady. Ondan soňra Türkmenistanyň Gahrymany Gozel Şagulyýewa söz berilip, ajaýyp şygyrlaryň astynda Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaş ýubileýi bilen gutlady. Soňra Gurbannazar Ezizowyň “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok” goşgusyna Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandarlyk etmeginde, Resul Gylyjowyň dirižýorlygynda Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde dabaraly konserdimiz dowam etdi. Onuň yzysüresi halypamyzyň ýerine ýetirmeginde, Weli Muhadowyň “Aşyklaryň şäheri” aýdymyny aýdyp, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna eýe boldy. Soňra konserdimiziň hormatly myhmanlary bolan, Türkmenistanyň Halk suratkeşi Saragyt Babaýew, Türkmenistanyň Halk artisti Daňatar Hydyrow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowa dagylaryň täsirli gürrüňleri we gutlaglary bilen dowam etdi. Ondan soňra Daňatar Hydyrowyň “Ýaýla hüwdüsi”, Nury Halmämmedowyň “Aşyk serhetçiniň aýdymy” ýaly aýdymlar Atageldi Garýagdyýewiň aýtmagynda ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Halk yazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň gutlagyndan soň, “Şahyr dünýäsi” hem-de “Sona gelin” aýdymlary halypanyň ýerine ýetirmeginde dabaraly konserdimizi has-da şowhuna besledi. Konserdimiz Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, ussat şahyr Gurbannazar Ezizowyň gyzy Ýazgül Ezizowanyň gutlagy we täsirli gürrüňleri bilen dowam etdi. Soňra Gurbannazar Ezizowyň “Gyzlaryma” goşgusyna “Gyzlaryma” eserini professor halypamyz ýerine ýetirdi. Konserdimiziň ýene-de bir myhmany Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkiş Mätnazarowyň ýürek joşguny bilen dowam etdi. Ol ýurek joşgunyny goşgy setirleri bilen beýan etdi. Dabaraly konserdimiz “Gel obamyň lälesi” ýaly ýüreklerde orun alan ajaýyp aýdymy Atageldi Garýagdyýewiň uly höweslenmesi bilen ýerine ýetirildi. Soňra konserdimiz Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň çykyşy bilen dowam etdi.Ýaňy konserdimiziň başynda görkezilen wideo şekilden hem belli bolşy ýaly, Wladimir Mkrtumow birnäçe ýyllaryň dowamynda Atageldi Garýagdyýewa sazandarlyk eden ussat pioninoçydygyny ýene bir gezek belläp geçmek bolýar. Ol öz çykyşynda Atageldi Garýagdyýew bir sahnada çykyş edip başlanyna şu ýyl 20 ýyl dolýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdi. Soňra Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Begenç Garlyýewiň çeper okaýyşy esasynda “Dostlaryma”, “Daglar”, “Ýalňyz ýoda”, “Şadyýan gün” ýaly ajaýyp aýdymlar ýerine ýetirildi. Professor halypamyz Atageldi Garýagdyýew özüniň buýsançly jümleleri bilen Nury Halmammedowyň “Aşgabat” aýdymyny ýerine ýetirdi. Jemleýji aýdymy Rejep Rejebowyň sazyna “Türkmenistan” atly ajaýyp eseri Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde, diňleýjileriň, tomaşaçylaryň batly el çarpyşmalary bilen şu günki dabaraly konserdimiz jemlendi. Konsert hemmelerde ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy.
Doýduk ÖWEZBERDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.
Teswirler