Alymlar ilkinji gezek adam ganynda saglyga howp salýan mikroplastikanyň tapylandygyny habar berdiler. Mikroplastikanyň bedende hereket edip, organizmlere ýerleşip biljekdigi mälim edildi. Bu barada “The Guardian” gazetinde habar berildi.
Alymlar adamlaryň ganynda geçiren gözleglerinde adamlaryň 80 göteriminiň ganynda mikroplastikany tapypdyrlar. Gözlegçiler 22 donoryň, gan nusgalaryny seljerdiler we 17-siniň ganynda plastmassa bölejiklerini tapdylar.
Gözlegde, içgi çüýşelerinde köplenç ulanylýan PET plastmassa, gan nusgalarynyň ýarysynda, iýmit we beýleki önümleri gaplamakda ulanylýan polistirol we plastik paket ýasamakda ulanylýan polietilen tapyldy. Gözlegler, mikroplastikanyň bedeniň daşyndan aýlanyp, organizmlere ýerleşip biljekdigini görkezdi.
Gözlegi geçiren Gollandiýadaky Wrije uniwersitetiniň alymlary polimer bölejikleriniň adam ganynda bardygyny görkezýän ilkinji görkezijidigini, netijeleriň aladalandyryjydygyny belleýärler.
Şanazar PIRKULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler