7-nji Kawkaz matematika olimpiadasynda türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler

Russiýa Federasiýasynyň Adygeýa Respublikasy tarapyndan gurnalýan Kawkazkaz matematika olimpiadasynyň bu ýyl 7-nji geçirildi. Maýkop şäherinde internet arkaly geçirilen bu ders bäsleşigi 11 — 16-njy mart aralygynda geçirildi. Bu baradaky habary «Türkmenistan» gazetine salgylanyp salamnews.tm habar saýty belläp geçýär.

Geçirilen ders bäsleşige türkmen ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar. Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan Arslan Hojiýewiň ýolbaşçylygynda 4 okuwçy gatnaşdy. Arslan Hojiýew şol mekdep-internadynda tejribeli matematika mugallymy bolup zähmet çekýär.

Russiýa Federasiýasynyň 19 sebitinden we 8 sany daşary döwletden jemi 121 okuwçynyň gatnaşmagynda geçren bu bäsleşikde Matematika dersi boýunça 11-nji synp okuwçylary Baýram Abdullaýew, Orazmyrat Sähetmyradow, Emir Wellekow bürünç medallara eýe boldular. Höweslendiriji baýraga bolsa Gülöwser Gylyçmämmedowa eýe boldy.

Selbi MYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok