Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi turkmenistan.gov.tm habarlar saýtynyň habar bergmegine görä, Türkmenistanda daşary ýurtly alyjylar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurtly alyjylar, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumunyň önümlerine has gyzyklanma bildirýärler. Gyzyklanma bildirilýän önümleriň özenini gidroarassalanan dizel ýangyjy, awtobenzini, uçar we yşyklandyryş kerosinini düzdi. Önümler esasan Beýik Britaniýa, Owganystan, Türkiýe, Şweýsariýa, Şotlandiýa, Özbegistan we Gyrgyzystanyň ýaly ýurtlar tarapyndan daşary ýurt pullaryna satyn alyndy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilýän karbamidi we EKO kysymly awtobenzini bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri tarapyndan gyzyklanma bildirilip satyn alyndy.
Güljahan GULBAÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institunyň talyby.
Teswirler