Reňkleriň psihologiýasy

Adamlaryň her bir güni dürli reňkler bilen gurşalan. Reňkler özüniň aýratynlygy, özboluşlylygy bilen tapawutlanyp bilýär. Reňkler biziň düşünjämize nähili täsir edýändigi ýa-da nädip alynýandygy hakda pikirler häli häzire çenli hem döräp durýar.

Gyzyl – reňk ynsanyň işdäsini açýandygy bilen tapawutlanýar. Dünýädäki azyk kärhanalarynyň hemmesiniň nyşanlary şonuň üçin gyzyl reňk bilen boýalýar. Gyzyl fonly ýerlerde adamlar wagt adalgasyny ýatdan çykarýarlar we bu ýerler adamda ukusyzlyk döredip bilýär. Şonuň üçin hemme gijeki kluplarda, we ş.m ýerlerde gyzyl fonlar ulanylyp gelinýär.

Ýaşyl – reňk wegeterýanlygy aňladyp, bu tebigatyň reňki hasaplanylýar. Şonuň üçin hem, ýaşyl banklaryň nyşanlary üçin iň kän iki reňkiň biridir we öý üçin rahatlandyryjy bir reňk bolup döredijilige hem ýardam berýär. Uly myhmanhanalaryň aşhanalaryndaky diwarlar aşpezleriň döredijiligini artdyrmak maksady bilen ýaşyl reňke boýalýar.

Gara – bu reňk günbatarda matamy aňladýar, Ýaponiýada bolsa şadyýanlygy aňladýar. Gara ünsüňi jemlemekde iň gowy kömek edýän reňkdir we ýagtylygy ýok ediji hasaplanýar.

Çal reňk – agyr reňk bolup, hereketsizligi we haýallygy aňladýar.Bu reňk pikir edişiňiziň tersine gözüň iň aňsat tapawutlandyrýan reňkidir. Adamlar bu reňkiň 18 öwüşginini tapawutlandyryp bilýärler.

Sary – üns çekijiligiň nyşany bolup durýar. Üns çekmek we wagtlaýyndygyny bildirmek üçin bolsa, dünýädäki hemme taksiler sarydyr. Awtoulaglary kärendesine ulanmana berýän hemme guramalaryň hem nyşanlarynda diňe sary reňk ulanýarlar. Sary reňkli otaglarda ulularyň gaharlanýandyklary we çagalaryň has köp aglaýandygy subut edildi.

Gök – bu reňkiň daşdan görünýän ýagtylykdyr. Dünýädäki banklar öz ynamdarlygyny görkezmek üçin esasan ýaşyl reňki ulansa, uludygyny görkezmek üçin bolsa gök reňki ulanýarlar. Ak kümüşsöw we altynsöw reňkleri bolsa pula üns çekmek üçin peýdalanylýar. Gyzyl tebigatda iň köp ünsi çekýän reňk bolsa-da, ýakyndan aňsatlyk bilen görünse-de daşdan kynlyk bilen görünýär.

Bägül ARYKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok