Ilkinji 4 orunlyk uçýan taksi 2027-nji ýylda peýda bolar

Düýbi Slowakiýada ýerleşýän “AeroMobil” tehnologiýa kompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäde ilkinji 4 orunlyk uçýan taksini işe girizer.

Häzirki wagtda birnäçe kompaniýa öz uçýan taksi hyzmatynyň üstünde işleýär, şol bir wagtyň özünde bu ugurda dürli uçuş synaglary hem geçirildi. Käbir uçýan taksiler häzirki wagtda ýolagçylary daşamaga taýyn bolsa-da, kadalaşdyryjy düzgünler we elýeterli däl rugsatlar häzirlikçe transportyň öňüni alýar.

Bu kompaniýalardan biri, Slowakiýada ýerleşýän “AeroMobil” tehnologiýa kompaniýasy dünýäde ilkinji 4 orunlyk uçýan taksiniň ulanyşa girjek senesini yglan etdi.

“AM NEXT” diýlip atlandyrylýan bu ulag 2027-nji ýylda satuwa çykarylar. Awtoulagyň uçar görnüşe geçmegi bary-ýogy üç minudy alýar. Ulag howada takmynan 350 kilometre we gury ýerde sagatda 150 kilometre çenli tizlik bilen hereket edip biler. Ulgaň bahasynyň 1,2 million bilen 1,5 million ýewro aralygynda bolmagyna garaşylýar.

Azat HANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok