22-nji mart – Bütindünýä suw resurslary güni

Her ýylyň 22-nji martynda Bütindünýä suw resurslarynyň güni giňden bellenilýär. Bütindünýä suw serişdeleriniň güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1993-nji ýylda yglan edildi. Şol ýyldan bäri her ýylyň 22-nji martynda dünýäde suw ýetmezçiligine ünsi çekmek hem-de bu meseläniň öňüni almaga bagyşlanan maslahatlary geçirilýär

Bütindünýä suw resurslary güni 2015-nji ýylda esaslandyrylan Bütindünýä ykdysady forumy tarapyndan adamzat ýaşaýşynyň iň uly meseleleriniň biri hökmünde kabul edildi. Suw ýetmezçiliginiň birnäçe sebäpleri hem bar. Mysal üçin, ilat sanynyň artmagy, adamlaryň ýaşaýyş durmuşynyň kämilleşmegi, suw serişdeleriniň aşa köp sarp edilmegi we suwarymly ekerançylyk ýerleriniň artmagy suw serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Howa şertleriniň üýtgemegi, tokaýlaryň köpçülikleýin çapylmagy, daşky gurşawyň hapalanmagy, suw serişdeleriniň bisarpa peýdalanylmagy hem bu täsiri artdyrýar. Umuman alanyňda, dünýädaki ähli suw gorlaryny jemläniňde, adamlaryň häzirki talaplaryny ýerine ýetirip biljek derejede suw bar, emma dünýäniň her bir künjeginde, her bir wagtda suwa bolan isleg tapawutly, ýagny bir sebitde ilatyň sany agdyklyk edýän bolsa, başga bir ýerde örän az. Suw ýetmezçiliginiň ähli sebäpleri adamlaryň suw dolanşygyna edýän täsiri bilen baglanşyklydyr. Suw ýetmezçiligi wagtyň geçmegi bilen tebigatyň gidrologik şertleriniň üýtgemegi netijesinde hem özgerip biler.

Bütindünýä suw serişdeleriniň güni, BMG-niň durnukly ösüş maksatlarynyň 6-njy maksady bolan “Arassa suw we arassaçylyk” atly maksadynyň durmuşa geçirilmegine hem ýardam berýär. 2003-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen 2005-2015-nji ýyllary, 2005-nji ýylyň martyndan başlap “Durmuş üçin suw” hereketiniň halkara onýyllygy diýip yglan edildi.

Ýurdumyzyň alyp barýan suw diplomatiýasy dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýar. Bu ugurdaky wajyp maksatlar suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan, suw serişdelerini sazlaşykly dolandyrmakdan we ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

.

Çary TAGANOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik
desgalary fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok