Türkmen kompozitorlary barada okuw goldanmasynyň ikinji jildi çapdan çykdy

Golaýda «Türkmen döwlet neşirýat gullugy» tarapyndan “Türkmen kompozitorlarynyň döredijiligi” atly ikinji kitap çapdan çykdy. Ilkinji gezek neşir edilen bu kitaby Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy»  we «Sazyň nazaryýeti» kafedralarynyň mugallymlar topary tarapyndan, ýagny: Gülbahar Ýazmämmedowa, Bahargül Ýakubowa, Agajan Açylow, Leýla Babaýewa, Zuhra Gabibowa, Güýçmyrat Gurbandurdyýew, Jemile Gurbanowa, Tatýana Litwina, Röwşen Muhammedow, Natalýa Martirosowa we Ýelena Osipowa tarapyndan taýýarlanyldy.     

XX asyryň başlarynda Türkmen saz medeniýetinde uly özgerişikleri bolup geçýär. Bu döwür häzirki zaman professional kompozitorçylyk mekdebi kemala gelýär. Türkmenistanyň ilkinji professional kompozitorlary Daňatar Öwezow, Aşyr Kulyýew hem Weli Muhadow uly işleri amala aşyrýarlar, olar häzirki zaman kompozitorçylyk tehnikasynda täze-täze eserleri döredýärler.

1920-30-njy ýyllarda Diýarymyzda sazçylyk we sungat mekdepleriniň açylmagy, 1929-njy ýylda Türkmen döwlet çeperçilik tehnikumynyň, 1935-nji ýylda Türkmen döwlet sazçylyk uçilişesiniň döredilmegi, 1941-nji ýylda Magtymguly adyndaky akademiki Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň açylmagy bilen ýurdumyzda opera we simfoniki sazlarynyň gülläp ösmegine giň ýol açylýar. 1972-nji ýylda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň açylmagy bilen, milli saz  sungatynyň gülläp ösýär. Şonuň bilen bilelikde, Türkmenistanda Nury Muhadow, Durdy Nuryýew, Aman Agajykow, Nury Halmämmedow, Çary Nurymow, Rejep Allaýarow ýaly täze kompozitorlaryň döremegine uly ýardam berilýär. Täze çapdan çykan alty bapdan ybarat kitapda hem bu kompozitorlaryň döredijilik mirasyna häsiýetnama berilmegi bilen olar birnäçe saz eserleri derňelýär.  

Bu babatda dürli saz eserleri döreden, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, ajaýyp kompozitor, dirižýor we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory Nury Muhadowyň «Keýmir kör» atly operasyna we nusgawy şahyrymyzy Mollanepese bagyşlan simfonik poemasyna häsiýetnama berilýär.

Türkmenistanyň halk artisti, zehinli kompozitor we halypa mugallym Durdy Nuryýewiň döredijiligine degişli bolan fortepiano we wokal žanrlary, «Nusaý» we «Mähirli jadygöý» atly baletleri derňelýär.

Ajaýyp kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň we Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklarynyň eýesi Nury Halmämmedowyň wokal we kamera-instrumental, simfonik döredijiligi we wokal-simfonik döredijiligine häsiýetnama berilýär.

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň we SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi, zehinli türkmen kompozitory we professor Çary Nurymowyň döredijiligine degişli saz eserlerinden Truba we orkestr üçin konserti, şeýle-de fleýta, goboý, kirişli, fortepiano we kakylyp çalynýan saz gurallary üçin birinji «Dessan konserti», On bir saz gurally ansambl üçin «Teke freskalary», «Indira Gandiniň ýadygärligine» atly ikinji kwarteti, «Maru-Şahu-Jahan» atly üçünji simfoniýasy, «Fortepiano üçin on iki pýesalar» ýygyndysy ýaly eserlerine derňew berilipdir.

Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň, Türkmenistanyň «Galkynyş» we «Garaşsyz Türkmenistana bolan söýgüsi üçin» ordenleriniň, «Zähmet edermenligi üçin», «Watana bolan söýgüsi üçin» we «Gaýrat» medallarynyň eýesi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti Amandurdy Agajykowyň sazly sahna eserleri, simfonik döredijiligi we kamera-wokal döredijiligi derňelýär.

Türkmenistanyň halk artisti, «Gaýrat» medalynyň eýesi Rejep Allaýarow häzirki döwür sazynda özboluşly ýoluny döreden meşhur kompozitor, jemgyýetçilik işgäri, halypa mugallym we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory Rejep Allaýarowyňsimfonik döredijiligine, Skripka we orkestr üçin konsert-poemasyna, Wiolonçel we orkestr üçin konsertine, şeýle-de simfonik orkestr üçin «Dört pýesa» atly eserine häsiýetnama berilýär.

«Türkmen kompozitorlaryň döredijiligi» atly kitabynda kompozitorlaryň saz eserleriniň derňewine degişli bolan nota mysallary, her bir babyň soňunda döreden esasy eserleriniň sanawy we okamak üçin hödürlenilýän edebiýatlaryň sanawy berilipdir.

Şonuň bilen, «Türkmen kompozitorlarynyň döredijiligi» atly kitabynda beýan edilen maglumatlarda türkmen kompozitorlaryň milli saz sungatynyň taryhynda tutýan orny, olaryň saz mirasynyň özboluşly aýratynlyklary açylyp berilýär.

Bu okuw kitaby Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda türkmen sazynyň taryhyny öwrenýän sazşynaslyk we ähli ýerine ýetirijilik hünärleriniň talyplary üçin niýetlenendir, şeýle-de okuw kitabyndan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary, Türkmenistanyň ýörite hünär mekdepleriniň talyplary we häzirki zaman türkmen professional saz sungaty bilen gyzyklanýan giň okyjylar peýdalanyp bilerler.

.

Mähri Agajanowna Suwhanowa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
«Kirişli saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok