Tramwaý – demir relslerde hereket edýän şäheriçi ulagdyr. Ilkibaşda atlar bilen çekilýän tramwaýlar, wagtyň geçmegi bilen gysylan howa hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyryldy. Soňra bolsa elektrik tramwaýlary döredi. Tramwaýlar otlyny ýadyňa salýar. Tramwaýlar gerek bolan elektrik toguny relslerden ýa-da ýokardan geçýän elektrik simlerinden alýar.
Tramwaý ýolagçy ulagynyň bir görnüşidir. Ýörite relsler bilen döredilen ýollarda hereket edip bilýän ulaglara tramwaýlar diýilýär. Tramwaý sözi fransuz sözi hasaplanylýar. Bu ýolagçy ulagynyň esasy maksady şäher içinde awtoulag gyslyşygyny azaltmak we ýolagçylary daşamakdyr.
Beýleki ulaglar ýaly tramwaý 1800-nji ýyllarda dünýäniň daşky görnüşini üýtgedip başlan senagat öwrülişiginiň önümidir. Şäherdäki ýolagçy gatnawynda ilkinji demir ýol liniýasy 1832-nji ýylda Nýu-Ýorkuň Harlem etrabynda açyldy. Ulagyň “hereketlendirijisi” diňe bir jübüt atdan ybaratdy. Iň soňky duralgada atlar ulagyň ters tarapa gidip bilmegi üçin ulagyň öň tarapyna alyndy we arkasynda goýuldy. Ýewropada ilkinji at çekilen tramwaý liniýasy 1853-nji ýylda Parižde açyldy. Relsiň kömegi bilen bir jübüt at “sagatda 10 km tizlik bilen otuz ýolagçyny gatnatmak üçin” ýeterlikdi.
Şeýle-de bolsa, siwilizasiýanyň ösmegi, atlaryň deregine ýörite hereketlendirijileriň we relsleriň döremegine sebäp boldy. 1879-njy ýylda elektrik hereketlendirijisi bolan ilkinji tramwaý Berlinde ýüze çykdy. Ol sagatda 12 km tizlik bilen üç sany kiçi wagony çekmäge ukyplydy.
Şatlyk BERDIGYLYJOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler