TOHU-da “Açyk gapylar” günleri geçiriler

S.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 26-njy martda, 16-njy aprelde we 14-nji maýda 2022-2023-nji okuw ýylynda bu ýerde okamaga höwesli ýaşlar üçin «Açyk gapylar» günlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň turkmenistan.gov.tm internet sahypasynda habar berilýär.

Aşgabatdan, Ahaldan we Balkandan ýaş oglan-gyzlary özünde myhman almaga taýýarlanýan uniwersitet  ýaşlara ýokary okuw mekdebiniň işi, bu ýerde okadylýan hünärler, okuwa girmek üçin zerur resminamalar, talyplaryň jemgyýetçilik we medeni durmuşy barada gürrüň berer.

Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin «Açyk gapylar» günleri Türkmen oba hojalyk instutynda guralar. Lebap welýatynyň oglan-gyzlaryna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi we Mary welýatynyň oglan-gyzlaryna bolsa şol uniwersitetiň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebi garaşýar.

Maýa BALLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok