Nowruzyň sungatdaky buşlukçysy

Türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny öwrenmäne we ony ösdürmäne berilýän üns täze mazmuna, usulyýete eýe boldy. Şonuň bilen bir hatarda dünýä medeniýetiniň, sungatynyň taryhyny hem-de öz halkymyzyň taryhyny öwrenmek üçin hem giň ýollar açyldy.


Dünýä halklarynyň, şonuň ýaly-da türkmenleriň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň kökleri goja geçmişiň has gadymy döwürlerine uzap gidýär. Ýer ýüzünde adamzadyň ýaşaýyş çygry nam- nyşansyz geçmeýär. Ýaşap geçen adamlar özlerinden soňra döreýän nesillere ýaşan döwürlerinden yz galdyrýarlar. Galdyrylan yzlar bolsa şol adamlaryň sungatyndan hem medeniýetinden habar berýär.


Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginde “Nowruz geldi ilime” atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi geçirildi. Bu Milli bahar paslynyň gelmegi sungat dünýäsine degişli ynsanlary begendirip guwandyrdy. Sebäbi, her ýylda geçirilýän sergilerde görkezilýän eserler mese mälim aýdyňlykda beýan edilýär. Sungat älemine doly girişmedik adamlar üçin hem suratkeşler öz milli häsiýetlerimizi, öz tebigatymyzy, öz naýbaşy sungatynyň asyrlaryň içinde gelýändigini düşündirmäge synanyşýan çeper eserleri ýardam berýär.


Serginiň esasy özenini şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk we amaly-haşam sungat eserleri eýeleýär. Nakgaşçylyk sungat eserlerinde we amaly-haşam eserlerinde biz halypalarymyzyň, halypa mugallymlarymyzyň hem-de ýaşlarymyzyň höwes bilen döreden eserlerini görýäris. Biz olardan Amankylyjowa Aýbibi, Çaryýewa Ogulaý, Hudaýberdiýewa Gyzylgül, Babaýewa Gözel, Nökergeldiýewa Şeker, Kerimow Ýagşymyrat, Mollaýewa Jennet, Hommaýewa Altyn, Gurbangeldiýew Myrat we başgalaryň sungat eserleri sergide ýerleşdirilen. Bu eserlerde tomaşaçy milli häsiýetleriň we milli duýgylarymyzyň ýugrulyp siňdirilendigini duýýar. Sergidäki nakgaşçylyk ugrunda çekilen eserlere seredenimizde, onda biz çeper keşpleriň beýanyny, çözgütlerini reňkleriň beýan etmek islän temanyň özenine görä, sudurlar we çyzyklar biri-birleri bilen sazlaşýar.
Sergide ýerleşdirilen amaly-haşam sungatyna degişli bolan zergärçilik, keramika hem-de dokma önümlerinde bahar pasly, gyşdan soňky döwrüň owadan, şähtini açýan we göwnüňi galkyndyrýan reňkler ummanyndan habar berýän eserlerde durmuşyň her bir ajaýyp pursaty janlandyrylýar.


Şeýle uly mümkinçiliklere ýol berilip, her bir baýramçylygy dabaralandyrmak üçin geçirilýän sergiler biziň gelejege umytly gözleri bilen bakýan ýaşlardyr-halypa mugallymlarymyzyň we çeper sungatyň ugrunda ömürlerini beren gyz-gelinlerimizden başlap, ussatlarymyza çenli hem bu aladalaryň, ýerine ýetirilýän zähmetiň jüpüne düşmegi üçin çeper sergiler oňaýly netijeleriň jemlemesidir.


Arzygül Gubaýewa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň mugallymy

Surat albomy Instagram akkauntymyzda.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok