Nowruz baýramy mynasybetli duşuşyk geçirildi

Paýtagtymyzda ýerleşýän Erkin döredijilik mekanynda Nowruz baýramy mynasybetli halk ýazyjylarynyň we şahyrlaryň ýaşlar bilen duşuşygy geçirildi.

Geçirilen duşuşyk Türkmen döwlet neşirýat gullugy «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Halkyň Arkadagly zamanasynyň bahar bagtyýarlygy» atly tema boýunça söhbetdeşlik esasynda guraldy. Duşuşykda ýaş ýazyjylar we talyplar halypalar bilen duşyp olar bilen söhbetde’ bolmana mümkinçilik tapdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, ýazyjy we dramaturg Kömek Kulyýew çykyş etdiler. Bu çärä Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow we şahyr Süleýman Ilamanow hem gatnaşdylar.

Aýlar ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok