Türkmeniň gadymy milli senenamasy

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän aý-gün hasaplarynyň biri hem ýyldyz senenamasydyr. Milady we hijri-kamary aý-gün hasabyndan tapawutlylykda, ol ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan senelerine esaslanandyr. Bu senenama türkmenleriň durmuşynda iň bir ýörgünli senenamalaryň biri bolupdyr. Ol hijri-kamary senenamasyndan tapawutlylykda, ekerançylar üçin hem, maldarlar üçin hem amatly bolupdyr. Türkmenler öz ýyldyz hasaby boýunça 365 güni — bir ýyly 12 döwre bölüpdirler. Ýyldyz döwürleriniň has oňat ýatda galmagy üçin şeýle setirleri hem ýatda bellemek bolar:

Sanaw başy Nowruzdyr, yzynda bardyr Ülker, 

Aralyk hem Üçýyldyz, Ýaldyrak göge galkar, 

Mizan, Hazan, Akrapdyr, onsoň geler Garagyş, 

Uly hem Kiçi çille, Garagyşda biter gyş.

Türkmenleriň ýyldyz senenamasy şeýle tertipde gelýär:

  • Çarwa nowruzy — 21-nji fewral — 20-nji mart.
  • Nowruz — 21-nji mart — 22-nji maý. 
  • Ülker — 23-nji maý — 20-nji iýun. 
  • Aralyk — 21-iýun — 22-nji iýul. 
  • Üçýyldyz — 23-nji iýul — 11-nji awgust.
  • Ýaldyrak — 12-nji awgust — 22-nji sentýabr. 
  • Mizan — 23-nji sentýabr — 21-nji oktýabr. 
  • Akrap — 22-nji oktýabr — 22-nji noýabr. 
  • Garagyş — 23-nji noýabr — 7-nji dekabr. 
  • Uly çille — 8-nji dekabr — 16-njy ýanwar. 
  • Kiçi çille — 17-nji ýanwar — 5-nji fewral.
  • Ahyrky garagyş — 6-njy fewral — 20-nji fewral.

Halimberdi ANNAMOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň
“Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy” hünäriniň
2-nji ýyl talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok