Berkarar Watanymyzyň geljegi – ylymly ýaşlar

Bagtyýar döwrümizde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ösüşli menzillerini äleme ýaýmakda, eziz Watanymyzyň kuwwatly döwlete öwrülmeginde ylym ulgamynyň ýeten derejesi möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda bu ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ilatymyzyň döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmek, ylmyň-bilimiň pajarlap ösmegini gazanmak arkaly ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek derwaýys meseleler hökmünde üstünlikli çözülýär, ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygider berkidilýär. “Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň hem kämilleşdirilmegine gönükdirilen anyk wezipeler kesgitlenildi. Öňde goýlan bu ýörelgeleriň her biri babatda dünýä nusgalyk ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi bizi buýsandyrýar. Alnyp barýan maksatnamalaýyn işleriň çäklerinde ylym-bilimi ösdürmek, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge, türkmen ylmyny ösdürmäge gönükdirilen bilim özgertmeleri ýaşlaryň bilim, ylym we hünär taýýarlygynyň dünýä derejesinde  ýokary göterilmegini, Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň ösen, kuwwatly ýurtlarynyň birine öwrülmegini üpjün edýär. Netijede, döwletimiz dünýä jemgyýetçiligine ynamly aralaşýar. Bularyň ählisini bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler aýdyňlygy bilen doly subut edýär. Bulardan başga-da, hünärmenleriň taýýarlyk derejelerini kämilleşdirmeklige yzygiderli üns berilýär, dünýä tejribesine laýyklykda bilim bermekligiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Bilimiň we ylmyň adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlykdygy ählimize mälim bolan düşünjedir. Çünki ylym adamzady kämilleşdirýän, daşky dünýä düşünmäge ýol açýan,  yzygiderli özleşdirilýän gymmatly baýlykdyr.

Bilim almak, hünär öwrenmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň baş maksady bolmalydyr. Çünki islendik döwletiň ösüşi, kuwwaty, aýdyň geljegi ylymly-bilimli ýaşlara bagly bolup durýar. Ýaşlaryň kämil, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin olaryň saýlap alan hünäri boýunça nazaryýetde alan bilimlerini tejribäniň üsti bilen kämilleşdirmeklerine hem giň ýol açylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bilim ulgamynyň, ylym-bilim ojaklarynyň düzümi ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim edaralaryna ornaşdyrylmagy talyp ýaşlara zerur bolan okuw gollanmalarynyň elýeterliligini doly üpjün edýär. Döwlet derejesinde şeýle uly ünsüň berilmegi  mähriban raýatlarymyzda berkarar döwletimize, özgerişli döwrümize hem-de asuda ýurdumyza bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrýar, Garaşsyz döwletimiziň has-da pajarlap ösmegi, dünýä ýüzündäki at-abraýynyň artmagy ugrunda yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmeklige, öwrenmeklige ruhlandyrýar.

Goý, şeýle bagtyýar döwrümiziň şöhratly gadamlary, ösüşli menzilleri mundan beýläk-de özgerişler bilen batlansyn!

Wepa HALYMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok