Nebit-gaz gazetiniň internet sahypasynyň habar bermegine görä, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirligi suwuklandyrylan gazy öndürmekligi giňelder. Şol bir wagtyň özünde müdürlik suwuklandyrylan gazy eksport etmekde öz işininiň möhüm ugrlaryny kesgitledi.
2021-nji ýylda Türkmenistan, Özbegistana we Täjigistana gazyň suwuklandyrylan görnüşini eksport edip başlady. Bu ýylda bolsa görkezijiler ýokary möçberde netije berip başlady. Ýanwar aýynda müdirlik boýunça suwuklandyrylan gazyň 8,4 müň tonnasy öndürildi. Geçen ýylyň ýanwar aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 116%-e deň boldy.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin 5,4 müň tonna gaz kondensaty öndürilip, iberildi. Harytlyk önümleriň nobatdaky tapgyry goňşy Owganystana iberildi. Belläp geçsek, Naýyp we Bagaja gaz ýataklarynda suwuklandyrylan gazyň eksport möçberleri 2020-nji ýylda 95 müň tonna deň boldy. 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 105%-e deň boldy.
Selbi ARTYKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler