Toýota 11 zawodda önümçiligi wagtlaýyn togtatdy

“Toyota Motor” Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogarynda 7,4 ball ululykda bolup geçen ýer titremesi sebäpli, soň 11-sany önümçülik zawodunyň işini wagtlaýyn togtadýandygyny habar berdi.

Ýapon öndürijisi kompaniýanyň beren beýanatynda bolup geçen ýer titremede pida bolan raýatlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi. “Toyota” we onuň garamagyndaky kärhanalarynyň önümçiligine 80 göterim derejesinde täsir etjek togtatmak işiniň 3 gün dowam etjekdigi habar berildi.

Belläp geçsek, 16-njy mart çarşenbe güni Ýaponiýada ululygy 7,4 bal bolan ýer titremesi bolup geçdi.

Selim MUHIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok