Adatça, kitaplardan ynsana zerur bolan bilimler we pikirler alynýar. Durmuşymyzda kitap diňe maslahatçy bolman, eýsem, dünýägaraýşymyzy hem giňeldýär. Bu bolsa biziň gündelik durmuşymyzda bolup geçýän birnäçe wakalara gönüden-göni täsirini ýetirip durýar. Köp asyrdan bäri dowam edip gelýän kitap, baý tejribeleriň bilimleriň özboluşly usulyýetleriň genji-hazynasydyr. Biz birnäçe dünýä belli awtorlaryň eserlerini okap, dünýägaraýşymyzyň çäklerini has-da giňeldip bilýäris. Kitaplar hakydalarymyzyň, sagdyn pikirlenmek ukyplarymyzyň we göz öňüne getirmelerimiziň ösüşine düýpli täsirini ýetirýär. Islendik okyjy edebi gahryman arkaly özüniň hakyky keşbini görüp döredip bilýär. Ahyrynda bolsa, eserdäki gahrymanlar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, olaryň keşbini öz durmuşynda amala aşyrmaga synanyşýar. Elbetde, özümizi gündelik birahat edýän sowallaryň ählisiniň jogabyny kitaplardan tapyp bolýar.
Kitap öz-özümizi kämilleşdirmekde ýardam berip, durmuşda üstünlik gazanmaga mümkinçilik berýär. Olar daşymyzy gurşap alýan dünýä barada täze düşünjeleri açyp, ozal pikir etmedik durmuş öwrümlerimiz barada oýlanmaga mejbur edýär. Kitap ozal nätanyş bolan täze durmuş äheňlerini biziň aňymyza siňdirýär. Kitaplardan alnan bilim diňe bir ýatda saklanman, eýsem, olary durmuşda hem ornaşdyrjak bolmaly. Bilmek – başarýandygymyzy aňlatmaýar. Kitap saýlananda dykgat bilen çemeleşmeli. Onda beýan edilýän esasy mowzuklar diňe seniň özüň üçin gyzykly bolman, eýsem, şu günki gün üçin hem ähmiýetli bolmalydyr.
Ýusupbaý ERMETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler