Ozal habar berilşi ýaly, şu ýyl Daşoguz welaýatynda sogan ekişi üçin bölünip berilen ýer geçen ýylky bilen deňeşdirilende iki esse köpdür. Bölünip berlen ýerlere ekiş işlerini geçirmek üstünlikli tamamlandy.
Sogan ekişi üçin welaýatyň iki iri meýdany bolan Gurbansoltan eje we Nyýazow adyndaky etraplardaky ýerleri bölünip berildi. Olarda degişlilikde 550 we 490 gektar meýdanda sogan ekildi. Mundan başga-da S.Türkmenbaşy, Köneürgenç we Akdepe, şeýle hem beýleki etraplarda ýazlyk sogan soganyň bol hasyly ýetişdiriler.
Şu ýyl sebitde ýene-de güýzlük soganyň ekişi geçiriler. Şunuň ýaly işler sarp ediş bazarynyň ýokary hilli içerki azyk önümleri bilen doldurylmagyna goşant goşýar we olaryň elýeterli bahalaryny yzygiderli saklamaga mümkinçilik berýär.
Aýgül DÖWLETMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.
Teswirler