Jandarlaryň aýak yzlary

Aýak, penje we çeňňelleri umumylaşdyrýan näme many berýär we ol näme zat? Aýak, penje ählijesi haýwanlaryň özüni goramak we aw awlamagy üçin niýetlenendir.

ÝENOT. “Köpbilmiş” ýenotyň uzyn barmaklary bolup, barmaklary arkaly açmasy kyn bolan gutulary dörmek, ir-iýmişleri ýygnamak üçin ulanýar. Ýenotyň öňki aýaklaryndan yzky aýaklary uzyn we ähli aýagynda uzyn we ýiti dyrnaklary bardyr.

GUNDUZ. Bu jandaryň 5 sany barmagy we giň ýassyjaklary bolup, barmaklarynyň arasyndaky ýargakdan (etiň daşyndaky perde) ýaňa palçykda olaryň aýak yzlary gaty bulaşyk we düşnüksiz görünýändir

GYZYL TILKI. Tilkileriň aýak yzlary hem itlerde bolşy ýaly dürsdir. Tilkileriň aýak yzlary itleriňkiden kiçiräk hem bolsa, şekili boýunça üçburça meňzeşräkdir. Tilkiniň ýüňi galyňrak bolansoň, gyş paslynda onuň aýak yzlaryny tapmak has-da kynlaşýar.

BELKA. Bu haýwanyň aýaklary agaçlara aňsatlyk bilen münmäge niýetlenendir. Onuň uzyn dyrnaklary we ýumşak ýassyjaklary güýçli barmaklary bar. Bularyň ählisi hem agaçlara gowy we tiz dyrmaşmak üçin gerek bolup durýar. Belkanyň aýak yzlaryny gyş aýlarynda, garda görmek bolar emma palçykda welin görmek mümkin däldir.

KOÝOT. ABŞ-da ýaşaýan möjegiň ýene bir görnüşiniň biri Koýot . Bular çalt we ýeňil ýöreýärler. Olaryň aýak yzlary itleriňki ýaly, ýöne biraz süýridir we ortadaky ýassyjaklary ulyrakdyr.

GARGA. Adaty guşlarda bolşy ýaly, gargalaryň hem aýaklary maýyşgak 4 sany barmaklary bolýar (3-si öňde 1-i yzda). Bu aýaklar güýçli şemalda saklanmak hat-da şahalarda berk oturmak üçin niýetlenendir. Bu jandarlar barmaklaryny şahanyň daşyndan aýlap berk saklaýarlar.

Aýlar AHMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok