Hindi dilindäki audiogid işläp başlady

Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynyň Watan mukaddesligi muzeýinde ozal diňe türkmen, iňlis we rus dilindäki auidogidler ýagny sesli gezelençleri gurap bolýan bolsa, indi şol dillere hindi dili hem goşuldy. Habar berilmegine görä, häzirki wagtda muzeýiň hünärmenleri taparyndan bu sanawa türk dilini hem goşmagyň üssüne işleýärler. Bu baradaky habary  Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň elektron saýty turkmenistan.gov.tm habar berýär.

Muzeý 2014-nji ýylda açylyp, ol döwrüň öňde baryjy tehnikalary bilen üpjin edilendir. Muňa mysal edip, muzeýda gyzykly we täsirli gezelençleri geçirmek üçin sensor ekranlar, plazma panellar we portatiw audioenjamlar oturdylandyr.

Döwrebap enajmlaryň ornaşdyrylmagy muzeý işine oňyn täsir edýär. Bu ýere mekdep okuwçylarydyr ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini öwrenýän talyplary ýygy-ýygydan gelýärler. Şeýlelikde, döwrebap sanly tehnologiýalar bu ýere gelýänleriň her biri ekspozisiýalary öwrenende diňe bir görkezilýän zatlara syn etmän, eýsem olar bilen tanyşmakda taryha ser salmagyň has oňaýly usulyna öwrüldi.

Gülşirin BATYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok