Halkara Nowruz güni – türkmen halkynyň milli bahar baýramydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Nowruz parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik, döredijilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän, tebigatyň täzelenişini we bahar paslynyň ajaýyplygyny alamatlandyrýan halkara baýramdyr.» – diýip örän jaýdar belläp geçýär. Hakykatdan-da, Halkara Nowruz güni – bahar paslynyň täsiri esasynda ýaşaýşyň, tebigatyň täzelenşini alamatlandyrýar.
Nowruz baýramçylygy barada «Awesta» kitabynda, Abulkasym Firdöwsiniň «Şanama», Ýusup Balasagunlynyň «Bagt getiriji bilim», Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany», Nyzamylmülküň «Syýasatnama», Omar Haýýamyň «Nowruznama», Reýhan Birunynyň «Gadymky halklardan galan ýadygärlikler», Alyşir Nowaýynyň «Leýli – Mejnun» eserlerinde beýan edilmegi hem, bu şanly senäni halkymyzyň has gadymy döwürlerden bäri belleýändigini aýan edýär.
XV asyrda ýaşap geçen Alyşir Nowaýy «Leýli – Mejnun» eserinde gadymy döwürde Nowruzyň «Nowruz Buzurg» («Uly Nowruz»), «Nowruz Kuçek» («Kiçi Nowruz»), «Nowruz Huseýin», «Nowruz Soltan», «Nowruz Rast» («Ýagty Nowruz») ýaly dürli-dürli görnüşde atlandyrylandygy barada beýan edýär. Türkmenlerde hem, milli bahar baýramynyň «Türkmen Nowruzy», «Çarwa Nowruzy», «Arkaç Nowruzy», «Ýüpek Nowruzy», «Çiltek Nowruzy», «Togsan doldy», «Oguz güni», «Ýaz başy», «Ýyl başy», «Erkin gün» ýaly birnäçe atlandyrylyşy saklanyp galypdyr.
Merdana ata-babalarymyzyň milli gymmatlyklaryna, edebi we medeni mirasyna, däp-dessurlaryna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň bu gadymy baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda geçen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bolsa Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň biziň ýurdumyz bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň netijesinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjyny goldap teklip etmegi bilen her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip, yglan etmeklik barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Milli Liderimiziň sebit we umumadamzat ähmiýetini hem bähbidini nazarlaýan öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde goldanylan bu Rezolýusiýa laýyklykda Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde taryha girdi. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bu ajaýyp baýramçylygy dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlarymyz bilen Nowruz ýaýlasyndaky Ak öý binasynda we onuň töwereginde uly şatlyk-şowhuna belläp geçmeklik, biziň halkymyz üçin indi birnäçe ýyldan bäri özboluşly bir milli däbe öwrüldi.
Nowruz ýaýlasynyň Ak öý binasynyň ýanynda döredilen «Dostluk» ýadygärligi bolsa, ýurdumyzda giň mähelleli toý-dabaralaryň esasynda bellenilýän Nowruz baýramynyň baky Bitaraplygymyzyň parahatçylyk we hoşniýetli dostluk taglymlarynyň özboluşly bir yşaratydygyny alamatlandyrýar. Soňky ýyllarda Milli Bahar baýramy bolan halkara Nowruz gününde ýazky bag ekiş möwsüminiň geçirilmeginiň özboluşly bir däbe öwrülmeginiň esasynda milletbaşymyz Oguz han atamyzdan gaýdýan milli ýörelge ýatandyr. Çünki, Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen her ýylyň Nowruz gününde öz ýigitlerine bag ekmekligi tabşyrypdyr. Oguz han atamyzyň Nowruz gününde bag ekmeklik baradaky bu mukaddes taglymy öz nesilleriniň nusgalyk amaly mekdebine öwrülipdir. 5000 ýyllyk geçmiş taryhymyzyň baý urp-adatlaryna, milli gymmatlyklaryna çuňňur hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz Oguz han atamyzyň bag ekmeklik baradaky bu ajaýyp ýörelgesini häzirki döwrümiziň ruhuna laýyklykda ýola goýmagynyň özünde diýseň uly many bardyr. Çünki, Halkara Nowruz gününde geçirilýän bag ekmeklik boýunça ählihalk ýokary mukaddes Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmeklikde, türkmen tebigatyny gözümiziň göreji deýin aýawly saklamakda ýurdumyzyň Bitarap döwlet hökmünde BMG-niň çäklerinde öňe sürýän daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky oňyn başlangyçlarynyň, alyp barýan beýik işleriniň bütindünýä ykrarnamasydyr.
Aýgözel REJEPOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler