Sagdyn ýaşamak üçin peýdaly maslahatlar

Iňlis lukmanlary sagdyn bolmak isleýänler üçin birnäçe peýdaly maslahatlary berdiler. Olaryň beren peýdaly maslahaty “The Independent” gazetinde çap edildi. Geliň, ol peýdaly maslahatlar bilen tanyş bolalyň!

Sagdyn ýaşamak üçin etmeli zatlar:

  • Her gün birje diş sarymsak iýmeli. Sarymsak bedende kesel döredip biljek himiki maddalaryň derejesini 48 göterim peseldýär şeýle hem beýniniň garramagynyň öňüni alýar we holesterini peseldýär.
  • Wagtly-wagtynda beden maşklaryny etmeli. Günde bir kilometr pyýada ýöremek ýa-da hepdede üç gezek ýeňil maşk etmek ýürek keselleriniň döremek howpuny azaldýar.
  • Ýeterlik derejede gök önümleri we miweleri iýmeli. Esasanam pomidor, gyzyl üzüm we brokkoli iýýänleriň ýürek agyry, rak we süýji keseli bilen kesellemek howpy aýrylýar.
  • Hepde-de iň bolmanda bir gezek balyk iýmeli. Yzygiderli balyk iýmek ýürek keselleriniň döremek howpuny peseldýär. Mundan başga-da, balykdaky ýaglar immuniteti güýçlendirýär.
  • Aşa duzly iýmekden saklanmaly. Hünärmenler: “Artykmaç duz insult we ýürek kesellerini döredýär” diýip belleýärler. Günde 5 gramdan ýokary duz iýmek saglyga zyýanly hasaplaýarlar.
  • Günde hökman kofe içmeli. Geçirilen gözlegler, günde iki käse kofe içgisiniň düwnük keselini we öt haltadaky daş toplanma töwekgelçiligini 45 göterim azaldýandygyny görkezýär. Şeýle-de bolsa, kofeni aşa köp içmek ýokary gan basyşyna sebäp bolup biler.
  • Käwagt aýdyma hiňlenmeli! Lukmanlar aýdym aýtmagyň akyl we beden saglygy üçin peýdalydygyny aýdýarlar. Aýdym aýtmak rahatlandyrýar, depressiýanyň öňüni alýar we ömri uzaldýar.

Şöhrat ALLADURDYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok