Martda gije bilen gündizi deňläp,
Ýene meniň ýaşyl ýazym, geldiňmi?
Gyzyl-elwan geýen ýaş gyza meňzäp,
Ýene meniň ýaşyl ýazym, geldiňmi?
Gyşa-da köňülde ýok, öýke-kine,
Her pasyl özüçe görk biýr Zemine.
Berkarar döwletli, bagtyýar ile,
Ýene meniň ýaşyl ýazym, geldiňmi?
Nowruz baýramyny geçirmek üçin käbir ýerine ýetirilmeli yrymlara ynanylýar. Ony täze üst-başda garşylamaly. Saçakda süýji nygmatlar näçe köp boldugyça Nowruz bereketli bolýar. Türkmeniň çöregi, petiri, külçesi, ýagly pişmesi, gatlamasy, palawy ýaly tagamlar taýýarlanylýar.
Nowruz baýramynda esasy taýýarlanylýan nygmat semenidir. Bu nygmaty taýýarlamagyň aýratynlygy bar. Bugdaý dänesini gapda ýedi günde ýetişdirip, bäş santimetre çenli ösmegi bilen ýola goýulýar. Soňra bugdaýyň maýsasy alnyp, ony ýedi gezek ýuwýarlar we sokuda ýenjip, ýedi gün saklaýarlar. Däbe görä, semeni bişiren öýüň adamlary ösdürilip ýetişdirilen bugdaýyň 3-4 dänesini bir sapak bilen baglap, Nowruz güni ýakalaryna dakýarlar. Şeýle hem aýnaly gapda ýetişdiren maýsany saçagyň ortasynda, isleg-arzuwlaryň ynanjy hökmünde goýýarlar. Adatça, semenini bir maşgala bişirmän, ony birnäçe maşgala bolup bişirýärler. Ýowar edip, ortak bolup bir uly gazanda bugdaýa un, suw we şeker goşup taýýarlaýarlar. Daşarda atarylan gazan dowamly ýanýan oduň kömegi bilen 24 sagatlap garylyp, Mart aýynyň 21-nji güni sagat 7-ä çenli bişirilýär. Soň gazanyň gapagy bilen agzy ýapylyp goýulýar.
Ata-babalarymyz Nowruzy Täze ýylyň ilkinji güni hasaplapdyrlar we baş baýram hökmünde belläp geçipdirler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda Nowruz baýramy ýurdumyzyň hemme şäherleridir welaýatlarynda uly dabaralar bilen bellenilýär.
Merjen KAIPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler