Takyk ekerançylyk döwrümiziň möhüm talaby

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, adamyň aň-bilim maýasyny ösdürmäge maýa goýumlaryny köpeltmek, döwlet bilen hususy bölegiň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilip, ata Watanymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar. Häzirki wagtda hem oba hojalyk ulgamynda takyk ekerançylygy alyp barmak işleri giň gerimler bilen amala aşyrylýar. Ýagny, muňa mysal edip ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna takyk ekiji tehnikalaryň alnyp berilmegi aýdyň mysaly bolup durýar.

Eýsem, «Takyk ekerançylyk» ulgamynyň düýp manysy näme? Bu oba hojalygynda tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ösdürilmegi bolup, ekerançylyk pudagyna hil taýdan täze önümçilik derejesine ýetmäge ýardam edýär we oba hojalygynyň öndürijilerine daşary ýurt kärhanalary bilen bäsleşmäge mümkinçilik berýär.

Oba hojalygynda tygşytlaýjy tehnologiýalaryň esasy elementlerinden biri ,,Takyk ekerançylyk’’ ýa-da ,,Takyk oba hojalygydyr’’. Takyk ekerançylyk medeni ekinleriň ösýän ýerleriniň meýdan üýtgeýşini göz öňünde tutup, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrýar. Munuň esasy maksady oba hojalygynyň önümçiligini kadalaşdyrmak, ykdysady we tebigy baýlyklary tygşytlamak bilen, girdejileri köpeltmekden ybarat bolup durýar. Bu bolsa ýokary hilli önüm öndürmek we daşky gurşawy goramak üçin giň mümkinçilikleri berýär.

Oba hojalygynyň hünärmenleri döwrüň öňdebaryjy tehnologik dolandyryjylaryny ulanmak bilen, ýokary netijeli dolandyryşy gazanýarlar. Bu mesele häzirki wagtda giňden ýaýran takyk oba hojalygynda täze ugur bilen çözülýär. Takyk ekerançylyk geografiki ýerleşiş maglumat ulgamlaryny, hasyly bahalandyryş we uzakdan duýýan tehnologiýalary öz içine alýan, oba hojalygyny dolandyrýan ulgamdyr.

Aýnur KAKYŞOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok