Sanly bilim dünýäsinde

Häzirki wagtda milli Liderimiziň parasatly başlangyjy bilen kabul edilen, tapgyrlaýyn esasda ýerine ýetirmek meýilleşdirilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Konsepsiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy, ýurdumyzyň umumy orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamynyň giň mümkinçiliklerinden, döwrebap sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmagy özüniň ajaýyp miwelerini hem berýär. Muňa mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlarymyzyň her okuw ýylynda milli we halkara derejede geçirilýän dürli görnüşli ylym-bilim, taslama-döredijilik bäsleşiklerinde gazanýan uly üstünlikleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

         Hakykatdan-da, halkara derejeli ylym-bilim bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýeleýän, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere öz goşandyny goşup bilýän, şol sanda iri möçberli taslamalary taýýarlamaklyga gatnaşýan, ösen innowasiýalardan, nanotehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan türkmen ýaşlaryny göreniňde, Türkmenistanda hut şeýle, ýagny dünýäde bäsleşige ukyply bilim ulgamynyň kemala gelýändigine aýdyň göz ýetirýärsiň.

“Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň gözbaşydyr” diýip, ýurdumyzda bu ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek babatda biz — talyp ýaşlara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Bahar Ataýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok