Belent özgerişler bilen “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ösüşiň batly gadamlaryny nazarlaýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz barha ösýär, türkmen halkymyz abadan durmuşda ýaşaýar. Ykdysadyýetiň ugurlaryna has netijeli usullaryň ornaşdyrylmagy, pudaklaryň, önümçilikleriň döwrebaplaşdyrylmagy, senagat pudaklarynyň depginli ösdürilmegi netijesinde ýurdumyz täze keşbe eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiziň oba hojalyk ulgamynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegine uly üns berýär. Çünki bu toplum ýurdumyzyň azyk bolçulygy bilen üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, abadan, bolelin hem-de bagtyýar durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ulgamda dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň günsaýyn artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş-medeni taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegiň möhüm wezipeleri göz öňünde tutulýar. Onda beýleki ugurlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatdaky wajyp meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň hasabyna eziz Diýarymyzda bolelin durmuşy üpjün etmegiň wajyp wezipeleri üstünlikli çözülýär. Ata Watanymyzy ösüşiň kämil belentliklerine atarjak bu döwletli işleriň amala aşyrylmagy üçin ähli zerur bolan şert-mümkinçilikleriň bardygy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda oba ilatynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, halal zähmeti bilen baýamagy, ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli şertler döredilýär. Daýhanlar häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, dürli himikatlar we beýleki serişdeler bilen doly üpjün edilýär.
Oba hojalygynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegi üçin pugta binýady döretmek, halkymyzyň abadançylygyny, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän möhüm maksatnamalarynyň düýp özenini düzýär.
Şeýle döwletli işleriň sakasynda duran Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan belent maksatly beýik tutumlary rowaç alsyn!
Maral ORAZBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,
Oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.
Teswirler